Ilçi Atadurdy Baýramow Ýaponiýada işe başlady

Ilçi Atadurdy Baýramow Ýaponiýada işe başlady

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atadurdy Baýramow resmi ýagdaýda öz işine girişdi. Ýaponiýanyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýty onuň ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary Taro Honda bilen duşuşandygyny habar berdi.

Duşuşykda şu ýylyň aprel aýynda Premýer-ministr Fumio Kisida bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň telefon arakaly söhbetdeşligi ýatlanylyp, iki ýurduň arasyndaky dostlukly we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ýokary baha berildi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen ykdysady ugurda hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge ygrarlydygy bellenildi.

Taro Honda Türkmenistanyň Ýaponiýa görkezen çuňňur dostlugy we Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň ýagty ýadygärligine gurbanlyk sadakasy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle-de ilçi Atadurdy Baýramow iki ýurduň arasyndaky ýokary derejeli döwlet saparlary, parlamentara alyş-çalyşlary, halkara meýdançasynda hyzmatdaşlyk we “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” dialogy ýaly ýakyn gatnaşyklara ünsi çekdi.

Taraplar şu ýyl diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigini aýdyp, has ýakyndan işlemek barada ylalaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky täze ilçisi ýurduň Daşary işler ministrliginde kabul edildi
Türkmen ilçisi: Türkmenistandaky ýapon kompaniýalarynyň alyp barýan işleri aýratyn ähmiýetlidir
Ýaponiýa we Türkmenistan resmileri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge ünsi çekýärler
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Tokio şäherinde Ýapon-türkmen ykdysady hyzmatdaşlyk komitetiniň başlygy bilen duşuşdy
Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana sapary meýilleşdirilýär
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany