Türkmenistanyň we Tatarystanyň oba hojalyk uniwersitetleri hyzmatdaşlyk Memorandumyna gol çekerler

Türkmenistanyň we Tatarystanyň oba hojalyk uniwersitetleri hyzmatdaşlyk Memorandumyna gol çekerler

Ýakynda S.A.Niýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Kazan döwlet oba hojalyk uniwersitetiniň rektorlarynyň we professor-mugallymlarynyň gatnaşmagynda onlaýn maslahat geçirildi. Bu barada Kazan döwlet oba hojalyk uniwersitetiniň web saýtynda habar berilýär.

Bu çäre şu ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Kazan) Baş konsuly Atadurdy Baýramowyň Kazan döwlet oba hojalyk uniwersitetine bolan saparyndaky baglaşylan şertnamalaryň netijesidir.

Maslahatyň dowamynda uniwersitetleriň rektorlary hasabatlary bilen çykyş etdiler, şeýle hem iki tarapy gyzyklandyrýan temalarda prezentasiýalar görkezildi.

Çeşmäniň habar bermegine görä, ýakyn wagtda uniwersitetler bilim, ylym, medeniýet, sport we innowasiýa ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk Memorandumyna gol çekmegi meýilleşdirýärler.

Onlaýn maslahat Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Kazan) Baş konsullygynyň guramagynda geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Bahreýniň patyşasy bilen Türkmenistanyň prezidenti Aşgabatda gepleşik geçirdi
Koreýa Respublikasynyň prezidenti Aşgabada sapar edýär
Turkmen-Russian high-level negotiations were held in Ashgabat
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Singapur Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrýar
“Naftogaz” “Gazpromyň” türkmen gazyny goýbermegini talap edýär
Täze tehnologiýalary ulanar