Türkmenistan Stambulda geçirilýän “Halal Expo 2025” halkara sergisine gatnaşýar

Türkmenistan Stambulda geçirilýän “Halal Expo 2025” halkara sergisine gatnaşýar

Türkmen wekiliýeti Türkiýäniň Stambul şäherinde penşenbe güni öz işine başlan “Halal Expo 2025” halkara sergisine gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.

Wekiliýetiň düzümine Söwda-senagat edaralarynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri girýär. Olar sergide ýurtda öndürilýän halal önümleri, şeýle hem Türkmenistanyň söwda-ykdysady pudagynda ýetilen sepgitleri görkezerler.

Serginiň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmäge, halkara bazarlarynda hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilen iş duşuşyklary we çäreler geçiriler.

“Halal Expo 2025” sergisi 29-njy noýabra çenli dowam eder. Oňa gatnaşyjylar täze taslamalar bilen tanyşmaga, tejribe alyşmaga we köpugurly işewür gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik alarlar.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Londonda ilkinji Halal Expo halkara sergisi geçdi
Türkmenistanyň wekiliýeti KazanForum 2023 forumyň çärelerine gatnaşýar  
ДЕЛЕГАЦИЯ ТУРКМЕНИСТАНА УЧАСТВУЕТ В МЕЖДУНАРОДНОМ ЭКОНОМИЧЕСКОМ ФОРУМЕ "РОССИЯ - ИСЛАМСКИЙ МИР: KAZAN FORUM2023"
Türkmenistanyň wekiliýeti KazanForum 2023 forumyň çärelerine gatnaşýar
Türkmenistan Russiýa Yslam dünýäsi: Kazan Forum2023 atly halkara ykdysady foruma gatnaşýar