Türkmenistan Stambulda TRT World Forum-2023 forumyna gatnaşýar

Türkmenistan Stambulda TRT World Forum-2023 forumyna gatnaşýar

Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Annasähet Kakaýew 8—9-njy dekabr aralygynda Stambulda geçirilýän TRT World Forum-2023 forumynda Türkmenistana wekilçilik edýär.

Bilelikde ösýäris: wezipeler, hereketler we çözgütler şygary astynda guralan bu çärä dünýäniň alymlary, habarçylary, syýasatçylary we raýat jemgyýeti guramalarynyň wekilleri gatnaşýar diýip, Halkara maglumat merkezi habar berýär.

Gün tertibinde dünýä we sebit meselelerine orun berlen bu forumda 153 sany çykyş göz öňünde tutulandyr. Forumyň çäginde bölümçelerdäki ara alyp maslahatlaşmalar we tegelek stollar hem bar diýip, çeşme belleýär.

Halkara howpsuzlyk, energetika, howanyň üýtgemegi, ykdysadyýet, tehnologiýa, emeli aň, KHBS we jemgyýetçilik ýaýlymlary forumyň esasy mowzuklarynyň hataryndan orun aldy.

Ýene degişli makalalar

"TRT World Forum 2023" başlaýar
Durnuklylyk uniwersitetleriň bäsdeşlik ugurlarynyň birine öwrülýär
TRT World Kipr bilen bagly dokumental film taýarlady
TRT-nyň 60 ýyllygy geçirilen ýörite dabara bilen bellenilip geçildi
Prezident Erdogan “TRT World Forum 2023” Gatnaşdy
Prezident Erdogan, Kosowanyň Prezidenti Bilen Duşuşdy