Türkmenistan syýahatçylyk ugurly iri halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan syýahatçylyk ugurly iri halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistanyň syýahatçylyk düzümini dünýäniň syýahatçylyk taýdan ösen döwletleriniň derejesine çykarmak, pudakda hususy kärhanalaryň işini ösdürmek we mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen, 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde we ABŞ-nyň Maýami şäherinde geçiriljek halkara syýahatçylyk sergilerine hem-de şu ýylyň oktýabr aýynda Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynda geçiriljek Hazarýaka döwletleriň arasynda syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ministrler derejesindäki maslahata gatnaşmak göz öňünde tutulýar.

1-nji iýulda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowanyň hasabatynda bellenilişi ýaly, mundan başga-da, geljekde hususy syýahatçylyk kärhanalary tarapyndan Hazarýaka döwletleriň arasynda syýahatçylyk gezelençlerini guramak boýunça täze ugurlary öwrenmek meýilleşdirilýär.

Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, baý taryhy-medeni mirasymyzy giňden wagyz etmek we ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini açyp görkezmek maksady bilen, 2023-nji ýylda halkara maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar.Döwlet Baştutany Türkmenistanda döwrebap syýahatçylyk düzüminiň kemala getirilmeginiň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, ýurdumyza täzeçil tehnologiýalary çekmegiň we milli ykdysadyýetimizi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň möhüm ugrudygyny belläp, bu babatda wise-peremýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Tokiodaky we Maýamidaky halkara syýahatçylyk sergilerine gatnaşar
2023-nji ýylda Türkmenistanda syýahatçylyk boýunça halkara maslahat geçiriler
Ýolagçylaryň taksilerde unudýan geň zatlary sanaldy
“Gucci” kriptopul tölegini kabul eder
ABŞ-da Naharhana Ýaragly Hüjüm Guraldy
Suares Braziliýanyň Gremio toparynyň futbolçysy boldy