Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Ankarada geçirilen Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyndaky çykyşynda Türkmenistanyň türkiýeli hyzmatdaşlar bilen energetika ulgamynda özara hereketlere açykdygyny aýtdy.
TDH-nyň habar berşi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow ikitaraplaýyn gatnaşyklarda energetika ulgamynyň giň orun tutýandygyny nygtady. Bu ýerde gürrüň türkmen energiýa serişdeleriniň, hususan-da, elektrik energiýasynyň we tebigy gazyň Türkiýä iberilmegi barada barýar.
