Türkmenistan we ABŞ özara hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklaýar

Türkmenistan we ABŞ özara hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklaýar

ABŞ we Türkmenistan 14-nji aprelde Aşgabatda ABŞ-Türkmenistan ýyllyk ikitaraplaýyn geňeşmeleriň netijeli onunjy tapgyryny belledi diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamanetiniň web sahypasy habar berdi.

Iki tarapyň wekiliýetlerine Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary we daşary işler ministri Raşid Meredow, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça kömekçisiniň orunbasary Jon Mark Pommersheim ýolbaşçylyk etdi.

Meredow we Pommersheim ABŞ-Türkmenistan gatnaşyklaryny ösdürmek, şol sanda howpsuzlyk hyzmatdaşlygy, bilim we medeni hyzmatdaşlyk, alyş-çalyşlar, adam hukuklary, söwda we maýa goýum mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, howanyň üýtgemegine garşy bilelikdäki tagallalaryny güýçlendirmäge ygrarlydyklaryny bellediler.

2023-nji ýylyň sentýabr aýynda açylan C5 + 1 Prezident sammitiniň üstünliklerinden soň, ABŞ we Türkmenistan C5 + 1 sebit diplomatik platformasyna ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Birleşen Ştatlar we Türkmenistan sebitara, global howpsuzlyk howplaryna, şol sanda transmilli terrorçylyga garşy göreş meselesini ara alyp maslahatlaşdy. Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň orunbasary Pommersheim Türkmenistanyň daşary syýasatda oňyn bitaraplyk ýörelgesine ýokary baha berýändigini, onuň özygtyýarlylygyna, garaşsyzlygyna we territorial bitewiligine üýtgewsiz goldaw ýerýändigini belläp, dialogy jemledi.

Birleşen Ştatlar Türkmenistanyň Halkara Zähmet Guramasy bilen mejbury zähmet meselesini çözmekde edýän hyzmatdaşlygyna, onuň pagta hasylynyň ýygnalyşyna garaşsyz gözegçilik üçin Halkara Hyzmatdaşlyk Guramasyna ygtyýar bermegine ýokary baha berdi. Türkmenistan Halkara Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen 2024-2025-nji ýyllarda bilelikde edilmeli işleriň ýol kartasyny kabul etmek we HZG-nyň tekliplerine garamak meýilnamalaryny nygtady.

Birleşen Ştatlar we Türkmenistan Adam Ölçegi Iş toparynyň Aşgabatda yzygiderli geçiriljek ýygnaklary arkaly adam hukuklary bilen baglanyşykly beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy dowam etdirmek ylalaşygyna geldi.

Birleşen Ştatlar we Türkmenistan bilim we medeni babatdaky hyzmatdaşlygyň ösendigini bellediler we türkmenlere we amerikalylara peýdaly boljak maksatnamalaryň geljegine ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Hususan-da, taraplar 2023-nji ýylyň 24-nji aprelinde iki hökümetiň arasynda gol çekilen Bilim baradaky özara düşünişmek Jarnamasynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, bilim alyş-çalşygyny we Iňlis dili maksatnamalaryny giňeltmekde möhümdigini ykrar etdi.

Birleşen Ştatlar we Türkmenistan howa özgermegine garşy göreşmek baradaky ygrarlydyklaryny, hususan-da Global Metan wadasyny goldamagy metan zyňyndylaryny azaltmak arkaly dowam etdirýändiklerini bellediler. Mundan başga, Türkmenistan häzirki wagtda metan zyňyndylaryny azaltmak üçin täze kanunlary taýýarlaýandygyny habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

BMG 2022-nji ýylda dünýäde 207 mln işsiziň boljakdygyny çaklaýar
BMG dünýäde 4 milliarddan gowrak adamyň sosial goraga eýe däldigini aýtdy
BMG: zeminiň ýaşaýjylarynyň ýarsyndan gowragy üçin durmuş goraglylygy elýeterli däl
Demokratiýa we hukuk žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
Nah mataly kagyz işi. Halkara Zähmet Guramasy (HZG) Türkmenistanyň mejbury zähmeti gadagan etmek baradaky Konwensiýany berjaý edişine seretdi
Mejbury zähmeti ulanmakda özüne bildirilýän aýyplamalary Türkmenistan ret etdi