Türkmenistan we BAE energiýa pudagynda hyzmatdaşlygy güýçlendirýär

Türkmenistan we BAE energiýa pudagynda hyzmatdaşlygy güýçlendirýär

Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024 halkara forumyň çäginde Aşgabatda Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň ýokary derejeli wekilleriniň arasynda möhüm duşuşyk geçirildi.

Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow we Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi A.Begliýew Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) halkara ösüşi boýunça ýerine ýetiriji direktory Musabbeh Al Kaabi hem-de BAE-niň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al-Hameli bilen duşuşdylar. Bu barada Newscentralasia habar berdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar nebit-gaz pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini we mundan beýläkki ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

ADNOC-nyň OGT—2024-iň platina hyzmatdaş hökmünde çykyş edendigini ýatladýarys

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýyldan başlap, ADNOC halkara kadalaryna we gaz pudagynda işleri alyp barmagyň tejribesine laýyklykda, Türkmengaz döwlet konserni bilen ysnyşykly aragatnaşyk saklaýar.

Ýene degişli makalalar

Dubaýda geçiriljek OGT-2023 foruma gatnaşjak 100-den gowrak wekiliýet hasaba alyndy
Dubaýda OGT-2023 Maýa goýum forumynyň umumy mejlisi geçirildi
Dubaýda OGT 2023 Halkara maýa goýum forumy öz işine başlady
В Ашхабале состоялась Международная конференция по экологическим направлениям ТЭК страны
25 27-nji oktýabrda Türkmenistanyň nebiti we gazy atly XXVIII halkara maslahat geçiriler
Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2023” halkara forum geçiriler