Türkmenistan we Ermenistan energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistan we Ermenistan energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar

Aşgabatda Ermenistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň wekilleriniň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi. Bu barada armenpress web saýtynda habar berilýär.

Şu ýylyň 11-nji aprelinden 14-nji apreli aralygynda Ermenistanyň premýer-ministriniň geňeşçisi Artaşes Tumanýan Türkmenistana resmi sapar etdi.

Ermeni diplomaty Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow, ýurduň nebit we gaz pudagyna gözegçilik edýän Şahym Abdrahmanow, senagat we energetika pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Çarymyrat Purçekow, şeýle-de Türkmengaz döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanow bilen duşuşdy.

Habarda ikitaraplaýyn we sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli köpsönly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygy bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda iki hökümet agzasy we maliýe ýolbaşçysy çalyşdy  
Serdar Berdimuhamedow wise-premýerleri welaýatlar boýunça jogapkär edip belledi
Ermenistanyň Premýer-ministriniň geňeşçisi energiýa hyzmatdaşlygyny maslahatlaşmak üçin Aşgabada geldi
Ermenistan we Türkmenistan gaz hem-de energetika pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşdylar
Türkmenistan bilen Eýran oba hojalygy hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň zerurlygyny nygtady
Eýran türkmen gazyny has köp ýurda üstaşyr geçirmäge taýýardygyny aýtdy