Türkmenistan we Finlýandiýa ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ýola goýýar

Türkmenistan we Finlýandiýa ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ýola goýýar

Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Finlýandiýanyň Nurminen Logistics kompaniýasy Londonda Türkmenistan — maýa goýum we ösüş atly maýa goýum forumynyň çäginde halkara ulag pudagynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekdi.

Nurminen Logistics häzirki zaman we ekologiýa taýdan arassa gaplary ulanmak bilen, Aziýa bilen Skandinawiýanyň arasynda demir ýol daşamalaryny amala aşyrýar. Kompaniýanyň logistika pudagynda 130 ýyldan gowrak tejribesi bar we ol öz mümkinçiliklerini hem-de çözgütlerini yzygiderli ösdürýär.

Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi ýurtda bu ulgamy ösdürmek, üstaşyr ýükleriň mukdaryny artdyrmak, şeýle hem iberijiden alyja üstaşyr geçýän we eksport-import ýükleri üçin kabul ederlikli logistik çözgütleri işläp düzmek maksady bilen döredildi.

Iki kompaniýanyň arasynda özara gatnaşyklary ýola goýmak ulag aragatnaşygyny ösdürmekde möhüm ädimdir we bu möhüm ulag geçelgeleriniň bir bölegi bolan Türkmenistanyň üsti bilen demir ýol üstaşyr mümkinçiliklerinden peýdalanmaga şert döreder.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Pakistanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
15.11.2018 | Türkmenistan-Italiýa: özara peýdaly hyzmatdaşlyk ösdürilýär
Türkmenistan-Italiýa: özara peýdaly hyzmatdaşlyk ösdürilýär
13.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2018-nji ýyl: Ulag we aragatnaşyk
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2018-nji ýyl: Ulag we aragatnaşyk
Awgust-oktýabr aýlarynda Türkmenistana 339 sany Hyundai awtobuslary getirildi