Türkmenistan we Fransiýa ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny kesgitlediler

Türkmenistan we Fransiýa ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny kesgitlediler

Fransiýa Respublikasynda saparda bolýan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet Fransiýanyň MEDEF-International halkara assosiasiýasynyň agzalygyna girýän fransuz kompaniýalarynyň işewürlik duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen wekiliýeti fransuz işewür wekillerine ýurduň ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary we maýa goýum mümkinçilikleri barada maglumat berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, foruma gatnaşyjylar söwda, ykdysadyýet, energetika, oba hojalygy we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlary boýunça türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek we giňeltmek barada pikir alyşdylar. Şol bir wagtyň özünde, nebit-gaz we gaz himiýa pudaklary, elektrik energetikasy, ulag we aragatnaşyk, lukmançylyk senagaty we derman senagaty, maliýe-bank pudagy, şeýle hem suw dolandyryş toplumy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi.

4-nji sentýabrda R.Meredow Fransiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri, şol sanda Fransiýa-Türkmenistan Söwda edarasynyň hormatly prezidenti, CIFAL International Services kompaniýasynyň prezidenti Žill Remi, CARPI Tech kompaniýasynyň hormatly prezidenti Alberto Mariýa Skuero we bu kompaniýanyň baş direktory Fransua Tronel, Bouygues kompaniýalar toparynyň prezidenti Marten Buig, Vinci Construction Grands Projets kompaniýalarynyň prezidenti Patrik Kadri bilen duşuşyklary geçirdi.

Duşuşyklarda bu kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Pariže saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary dürli döwlet edaralarynyň hem-de fransuz kompaniýalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri bilen birnäçe ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdiler.

Ozal Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Fransiýanyň Prezidentiniň Kontinental Ýewropa, Türkiýe we Balkan ýurtlary boýunça diplomatik geňeşçisi Bertran Buhswalter bilen gepleşikleri geçirendigi barada habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan fransuz işewürlerini ýurduň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
Serdar Berdimuhamedow daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
Türkmenistanda Wenesuelanyň täze ilçisi işe başlady