Prezident: Türkmenistan CARPI Tech kompaniýasynyň anyk tekliplerine garamaga taýýar

Prezident: Türkmenistan CARPI Tech kompaniýasynyň anyk tekliplerine garamaga taýýar

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow CARPI Tech fransuz kompaniýasynyň baş direktory Fransua Troneli we kompaniýanyň hormatly prezidenti Alberto Maria Skuerony kabul etdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, myhmanlar duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanyny Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy bilen gutladylar hem-de türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Kompaniýanyň ýolbaşçylary Aşgabada ilkinji gezek gelip, onuň ajaýyp keşbine haýran galýandyklaryny we baýramçylyk günlerinde bu ýerde bolmagyň özlerinde uly kanagatlanma duýgusyny döredýändigini bellediler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow myhmanlary mübärekläp we gutlaglary üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň daşary ýurtlaryň gyzyklanma bildirýän esasy kompaniýalary bilen netijeli işewür gatnaşyklary üçin hemişe açykdygyny nygtady.

Duşuşygyň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we işewürler ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler maksatnamalary babatda özara gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşdylar. Şunda senagat pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmagyň esasynda onuň düzümini döwrebaplaşdyrmaga, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesini, hususan-da, suw üpjünçiligi ulgamynyň desgalarynyň gurluşygy babatdaky tejribesini çekmäge aýratyn ähmiýet berildi.

Söhbetdeşlikde CARPI Tech kompaniýasynyň ýolbaşçylary türkmen bazarynyň Fransiýanyň işewür toparlary üçin örän özüne çekijidigini bellediler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda oba hojalyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, daşky gurşawy goramaga, suw serişdelerini dolandyrmaga hem-de suwarmagyň täze usullaryny ornaşdyrmaga uly üns berilýändigini belledi. Şeýle-de Türkmenistanyň dünýäniň tejribesini hem-de ylmyň iň täze gazananlaryny ulanmakda halkara işewür toparlarynyň öňdebaryjy wekilleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändigi barada aýdyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti CARPI Tech kompaniýasynyň suw desgalarynda ulanylýan gidroizolýasiýa we suwasty ýörite gatlaklaryň önümçiligi boýunça dünýäniň öňdebaryjylarynyň biri bolup durýandygyny hem-de toplan oňyn tejribesini nazara alyp, onuň uzak möhletli, netijeli hyzmatdaşlyk üçin oňat mümkinçilikleriniň bardygyny belledi.

Döwlet Baştutany türkmen tarapynyň kompaniýanyň anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda CARPI Tech kompaniýasynyň ýolbaşçylary wagt tapyp kabul edendigi we bildirýän ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk, alyp barýan giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
Türkmenistan fransuz işewürlerini ýurduň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşyrdy
Türkmenistan we Fransiýa ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny kesgitlediler
Braziliýa 3-nji gezek çempion bolan ilkinji ýygyndy (Dünýä Kubogy 1970)
Forbes dünýäniň iň baý mirasdüşerlerini yglan etdi
Odre Azule ÝUNESKO-nyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy