Türkmenistan we Özbegistan sebitara işewürlik forumyny geçirmegi meýilleşdirýär

Türkmenistan we Özbegistan sebitara işewürlik forumyny geçirmegi meýilleşdirýär

Ýakynda Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew bilen Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçisi Akmaljon Koçkarowyň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Duşuşykda türkmen-özbek sebitara işewürlik forumyny geçirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

UzReport-iň habar bermegine görä, duşuşykda söhbetdeşler Lebap welaýaty bilen Özbegistanyň Buhara welaýatynyň arasyndaky serhetýaka söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak, şeýle hem özara söwdanyň göwrümini artdyrmak meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Bellenilişi ýaly, 2022-nji ýylyň 13-nji iýulynda Buharada geçirilen ikinji türkmen-özbek sebitara forumynyň netijelerine ýokary baha berildi. Iki ýurduň telekeçileriniň arasynda 450 million dollardan gowrak söwda we maýa goýum şertnamalary baglaşyldy.

Häkim Ş.Amangeldiýew şu ýyl sebitara forumy Türkmenabatda geçirmäge taýýardygyny aýtdy.

Bu çärä Türkmenistanyň we Özbegistanyň ähli sebitlerinden wekilleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Forumyň çäklerinde iki ýurduň önüm öndürijileriniň sergisini guramak hem meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Iş orunlarynyň 'meýilleşdirilýän' kemeltmeleri etniki azlyklaryň wekillerini uly alada goýýar
Küştçi gyzlarymyz Buharada geçen halkara ýaryşda mynasyp çykyş etdiler
Informatika boýunça IV Açyk halkara olimpiada geçirildi
Türkmenistandan “beýik göçüşlik”. Adamlar garyplykdan we gadaganlykdan gaçýarlar. Özbegistan barlag nokadyny ýapdy
Serhet çäklerini kesgitlemek boýunça Bilelikdäki türkmen-özbek iş toparynyň duşuşygy geçirildi
Hoja Ahmed Ýasawynyň ömrü we döredijiligi we onuň Diwany Hikmet atly eseri