Türkmenistan we Owganystan suwuklandyrylan tebigy gazyň importy barada şertnama baglaşdy

Türkmenistan we Owganystan suwuklandyrylan tebigy gazyň importy barada şertnama baglaşdy

Owganystan Türkmenistan bilen suwuklandyran gazy üpjün etmek boýunça şertnama baglaşdy. Bu barada Khaama Press habarlar gullugy habar berýär.

Owganystanyň Söwda we senagat ministrliginiň habaryna görä, Haýraton, Akina we Turgundy gury ýer portlary arkaly ýurda gaz saklaýjylar bilen birnäçe müň tonna gaz getiriler.

Degişli ylalaşygyň türkmen tarapynyň wekilleriniň owgan nebit-gaz korporasiýasynyň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşygynda gazanylandygy bellenilýär.

Bahtar döwlet habar gullugy habaryna görä, türkmen gazynyň getirilmegi netijesinde Owganystanyň içerki bazarlarynda suwuklandyrylan gazyň bahasy ep-esli peseler.

Ýene degişli makalalar

НАЦИОНАЛЬНЫЙ ЛИДЕР ТУРКМЕНСКОГО НАРОДА ПРОВЁЛ ОБЩИЙ УРОК ПО ИСТОРИИ СТРАНЫ, О ДОЛГЕ И ОБЯЗАННОСТЯХ МОЛОДОГО ПОКОЛЕНИЯ
Owganystan Türkmenistan bilen araçäkde täze serhet geçelgesini döretmegi meýilleşdirýär
Owganystan-Türkmenistan serhedinde täze gümrük nokady gurlar
Türkmenistanyň we Owganystanyň demirýol ýolbaşçylarynyň arasynda gepleşikler geçirildi
Türkmenistan 2024-nji ýylda Owganystana 1,8 milliard kWt elektrik energiýasyny iberer
Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda Owganystanyň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi
DEMIR ÝOLLARYŇ HYZMATDAŞLYGY GURAMASYNYŇ AGZA DÖWLETLERINIŇ DEMIR ÝOL ULAGLARY EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ WE JOGAPKÄR WEKILLERINIŇ MASLAHATYNYŇ XXXVIII MEJLISINE GATNAŞYJYLARA