Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda Owganystanyň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda Owganystanyň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji martda Aşgabatda guralan owgan harytlarynyň sergisi bilen tanyşlykdan soňra, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda owgan tarapynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda ýangyç-energetika düzümlerine, söwda-ykdysady ugurlara bagyşlanan we beýleki ähmiýetli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Oňa “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk hem gatnaşdy.

Owganystanyň senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Alhaj Nuruddin Azizi, ilki bilen, türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik hem-de owgan harytlarynyň sergisini guramaga döwlet tarapyndan berlen ýardam üçin Türkmenistanyň Prezidentine hem-de Halk Maslahatynyň Başlygyna hoşallyk bildirdi. Şeýle hem myhman türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine, sebitde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine ähmiýet berýändikleri üçin Türkmenistanyň Prezidentine we Halk Maslahatynyň Başlygyna owgan halkynyň adyndan hoşallyk bildirip, öz halkynyň salamyny ýetirdi.

Alhaj Nuruddin Azizi Türkmenistanyň halkara derejedäki çäreleri geçirmekde baý tejribe toplandygyny we özleriniň goňşy ýurduň tejribesini öwrenmäge, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini aýratyn nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen we owgan halklaryny gadymdan gelýän dostluk, özara hormat goýmak däpleriniň, umumy ruhy, taryhy gymmatlyklaryň baglanyşdyrýandygyny belläp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur almak bilen, goňşy Owganystanyň içerki ýagdaýlarynyň kadalaşdyrylmagynda diňe syýasy-diplomatik tagallalaryň tarapdarydygyny aýtdy.

Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag ulgamlary boýunça durmuşa geçirilýän iri taslamalaryň wajypdygyny hem bellemek zerur. Şolaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisi we demir ýol ulgamlary aýratyn orun eýeleýär diýip, Milli Lider sözüni dowam etdi.

Möhüm taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy diňe iki ýurduň we halkyň bähbitlerine däl-de, eýsem, sebitdäki beýleki goňşy döwletleriň, halklaryň durmuş-ykdysady ulgamynyň ösmegine-de goşant bolar.Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň gurulmagy, Owganystanyň çäginde türkmen tarapynyň gatnaşmagynda elektrik beketleriniň işe girizilmegi bu ugurdaky gatnaşyklaryň ilerledilmegine kuwwatly itergi berer.

Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Gahryman Arkadag Türkmenistanda halkara ähmiýetli demir ýol geçelgeleriniň gurulýandygyny belledi.

Kerki — Ymamnazar — Akina — Andhoý ugry boýunça demir ýol şahasy iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Şunda halkara ulag geçelgesiniň wajyp bölegi bolan Serhetabat — Turgundy şahasynyň ulanmaga berilmeginiň ähmiýetine üns çekildi.

Duşuşygyň barşynda myhman üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmekde Türkmenistanyň sebitde möhüm orun eýeleýändigini belläp, owgan tarapynyň Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üstaşyr mümkinçiliklerini peýdalanmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Şeýle hem Owganystanyň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň arasynda gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda, Beýik Ýüpek ýolunyň ugruny dikeldýän häzirki zaman multimodal üstaşyr ulag geçelgesiniň ähmiýeti barada aýdyldy.

Hormatly Arkadag öňe sürlen teklipleriň öwreniljekdigini belläp, Türkmenistanyň Owganystanyň durmuş-ykdysady we medeni taýdan galkynmagyna ýakyndan goldaw bermegini dowam etdirjekdigini aýtdy.

Söwda-ykdysady ulgam iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň esasy ugry bolup durýar. Şunda dürli görnüşli azyk harytlarynyň, gaýtadan işleýän senagatyň önümleriniň eksport edilýän möçberiniň artdyrylmagyna möhüm üns berilýär.Aýratyn-da, halkara bazarlarda uly isleg bildirilýän we ekologik taýdan arassa önümleriň eksportyny sazlaşykly ýola goýmak wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigi bellenildi.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda iki goňşy ýurduň serhet ýakalarynda däne ammarlaryny, söwda toplumlaryny we iki ýurt üçin hem ähmiýeti bolan beýleki desgalary gurmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadag Türkmenistanda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň döwlet ösüşiniň möhüm ugruna öwrülendigini belläp, bu babatda alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyna ünsi çekdi. Şeýle-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň we sebitiň gyzyklanma bildirýän islendik ýurdy, abraýly halkara guramalar bilen birek-birege hormat goýmak, düşünişmek esasynda ýola goýulýan gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri owgan tarapynyň wekillerini ýetip gelýän mübärek Remezan aýy bilen gutlady hem-de mukaddes aýda ediljek doga-dilegleriň, beriljek sadakalaryň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi we hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl, Gazany Bombalamaga Dowam Edýär
Aşgabatda metjitlere gözegçilik güýçlendirilip, “aşa dindarlar” gözlenýär
Diňle: Maryda azyk harytlary 50% gymmatlady
Diňle: Ykdysady kynçylyklar ilaty agzaçar sadaklaryny bermekden saklaýar
Ykdysady kynçylyklar ilaty agzaçar sadaklaryny bermekden saklaýar
Býujet işgärleri milli eşikde Nowruz çärelerine gatnaşmaga mejbur edilýär