Türkmenistan we Täjigistan ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşdylar

Türkmenistan we Täjigistan ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşdylar

Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew bilen Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Wafo Niýatbekzodanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Täjigistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşykda taraplar ulag we aragatnaşyk pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alyşdylar. Hususan-da, ýük daşamalary we iki ýurduň arasynda howa gatnawyny ýola goýmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň we Täjigistanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda şu ýylyň 14-15-nji sentýabr günlerinde Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy geçirilip, onuň çäklerinde Merkezi Aziýada gury ýer ulaglarynyň özara baglanyşygyny güýçlendirmek baradaky Ylalaşyga gol çekilipdi.

Bu resminama türkmen we täjik taraplarynyň gatnaşmagynda Merkezi Aziýa sebitindäki ulag hyzmatlary bazarynda bäsdeşlik gurşawyny üpjün etmek, täze halkara, şol sanda multimodal geçelgeleri emele getirmek we olaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, gury ýer ulaglary bilen ýükleri daşamak we üstaşyr geçirmek işini ýeňilleşdirmek ýaly maksatlary özünde jemleýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Owganystanyň arasynda ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek barada üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi
Türkmenistanda raýat awiasiýasy pudagy üçin halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak meýilleşdirilýär
Türkmenistanyň we Täjigistanyň arasynda aragatnaşyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alşyldy
Demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahaty öz işine başlady
Türkmenistanda jemi meýdany 430 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary gurlar
Türkmenistan bilen Owganystan söwda gatnaşyklary ýokarlandyrmak meselelerini maslahatlaşdy
Türkmenistanyň işewür wekiliýeti Owganystada saparda bolýar