Türkmenistan we Tatarystan medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürer

Türkmenistan we Tatarystan medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürer

17-nji oktýabrda Türkmenistanyň Kazan şäherindäki baş konsuly Güýç Garaýew Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Leýla Fazleýewa bilen duşuşdy. Duşuşyk Tatarystan Respublikasynyň Hökümet binasynda geçirildi diýip, tatar elektron neşirleri habar berýär.

Bellenilişi ýaly, duşuşygyň barşynda taraplar saglygy goraýyş, bilim, medeniýet we sport ýaly pudaklaryň birnäçesine degişli bilelikdäki çäreleriň hem-de taslamalaryň durmuşa geçirilişini kanagatlanma bilen bellediler. Bu ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerine hem seredilip geçildi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň baş konsuly we Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň çäginde geljekde iki tarapdan hem gyzyklanma bildirilýän şu aşakdaky bilelikdäki çäreleri geçirmek barada ylalaşyga geldiler:

Ýene degişli makalalar

Ali Şir Nowaýy
26.09.2017 | “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasynda janlandyrylan türkmen taryhy: Gadymy Merw we Oguzhan
22.06.2018 | Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligi-2018 badalga aldy