Türkmenistan we TÜRKSOÝ medeni diplomatiýa boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

Türkmenistan we TÜRKSOÝ medeni diplomatiýa boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

11-nji dekabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän wekilçilikli foruma gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Dýusen Kaseinowy kabul etdi.

Dýusen Kaseinow Türkmenistanyň Garaşsyz, Bitarap ösüş döwründe gazanan üstünlikleriniň we ýurdumyzyň medeni diplomatiýa boýunça ýeten derejesiniň ähmiýeti barada aýdyp, türkmen halkynyň baý özboluşly däpleriniň täze taryhy eýýamda saklanylmagyna, milletiň medeni mirasynyň öwrenilmegine we giňden wagyz edilmegine gönükdirilen ägirt uly tagallalary edýän döwlet Baştutanynyň alyp barýan işleriniň ähmiýetlidigini aýratyn nygtady.

Duşuşygyň dowamynda türkmen Lideri we myhman hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar hem-de medeniýet we sungat ugurlaryndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň, döredijilik babatda tejribe alşylmagynyň bähbitlidigini bellediler. Hususan-da, türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine görülýän taýýarlyk işlerine möhüm üns berildi.

Ýene degişli makalalar

Küştdepdi halklary birleşdirýän tans
29.06.2019 | Hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň dünýä derejesindäki meşhurlygy artýar
Hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň dünýä derejesindäki meşhurlygy artýar
Bahram Dolyýew: Ýozef Ioahimiň skripka sungaty ýörelgesini dowam edip
Türkmenistanyň Prezidenti TURKSOÝ-nyň baş sekretaryny kabul etdi
Ýalçyn Topçu: Dünýä dursun, sen dur Ata Watanym Türkmenistan!
Ankarada türkmen halkynyň medeniýeti we sungaty bilen tanyşdyryldy