Türkmenistan we ÝUNESKO Akja-gala kerwensaraýyny gaýtadan dikeltmek boýunça hyzmatdaşlyk edýär

Türkmenistan we ÝUNESKO Akja-gala kerwensaraýyny gaýtadan dikeltmek boýunça hyzmatdaşlyk edýär

BMG-niň ÝUNESKO edarasy gadymy döwürlerde Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Akja-gala kerwensaraýynyň durkuny dikeltmek bilen baglylykda Türkmenistanyň degişli edaralary bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Bu barada ÝUNESKO salgylanyp, Trend habarlar gullugy maglumat berýär.

Akja-gala kerwensaraýy Merw bilen Amulyň aralygyndaky ýoluň ugrunda ýerleşýär. Bu ýer XI asyrda Merkezi Aziýada iň uly kerwensaraý bolan.

Bu ugurda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen gadymy binalara uly ähmiýet bermek bilen, syýahatçylyk pudagynyň işinde hem ony ösdürmäge orun berilýär.

ÝUNESKO tarapyndan bellenilişi ýaly, şeýle-de dürli ýagdaýlary nazarda tutup muzeýleriň töwekgelçilikleri dolandyrmakda, şeýle-de maddy däl medeni mirasy hasaba almakda arzalar üçin faýllary taýýarlamakda işleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Şunuň bilen birlikde, ÝUNESKO bilen bilelikde esasy maksady resminamalaýyn mirasy gorap saklamak we üpjün etmek bolan Dünýäniň ýadygärlikleri taslamasynyň çäklerinde özara iş alyp barmak dogrusynda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Setirleri döwrümiz bilen sazlaşýan akyldar
Setirleri döwürleri bezeýän dana
Beýik Ýüpek ýolunyň Zarawşan-Garagum geçelgesi atly köptaraplaýyn hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen ýadygärlikleri
Rowaýata öwrülen galalar
Amul — Merw ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň sanawyna goşular
Amul — Merw şahamçanyň ýadygärlikleriniň ÝUNESKO-nyň sanawyna goşulmagy
Köneürgenç türkmen taryhynyň dürdänesi