Türkmenistan ÝET-i döwrebaplaşdyrmaga gyzyklanýar we “Gazpromyň” gaz satyn almagyny köpeltmegini maslahatlaşmaga taýýar

Türkmenistan ÝET-i döwrebaplaşdyrmaga gyzyklanýar we “Gazpromyň” gaz satyn almagyny köpeltmegini maslahatlaşmaga taýýar

29-njy awgustda “Gazpromyň”müdirýetiniň başlygy Alekseý Miller Türkmenistana sapar etdi we prezident Serdar Berdimuhamedow hem onuň kakasy, Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

Rus gaz şirketiniň metbugat gullugy gepleşikleriň jikme-jikleri barada habar bermeýär.

Türkmen döwlet täzelikler gullugy TDH-niň maglumatlaryna görä, kiçi Berdimuhamedow Türkmenistanyň milli ýangyç-energiýa toplumyny döwrebaplaşdyrmaga, innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga, gazyp alýan hem täzeden işläp bejerýän pudaklarynyň önjeýliligini ösdürmäge gyzyklanýandygyny aýtdy.

Şeýlede taraplar bar bolan şertnama boýunça “Gazpromyň” türkmen gazyny satyn almagyny we uzak möhletli perpektiwalaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahat etdiler.

Milleriň öňki prezident Berdimuhamedow bilen duşuşygy barada TDH maglumat bermeýär.

2019-njy ýylda “Gazprom” “Türkmengaz” bilen her ýylda 5,5 milýard inedördül metr türkmen gazyny satyn almak barasynda ylalaşyga gol goýupdy.

2021-nji ýylyň dekabrynda RF-niň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blohiniň gürrüň bermegine görä,Russiýa akdyrylan türkmen gazynyň möçberi 10 milýard inedördül metr çemesi bolup, göz öňünde tutulandan iki essä golaý köp.The post Türkmenistan ÝET-i döwrebaplaşdyrmaga gyzyklanýar we “Gazpromyň” gaz satyn almagyny köpeltmegini maslahatlaşmaga taýýar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

“Gazprom” Türkmenistandan 5 milliard kubmetre golaý tebigy gaz satyn aldy
Türkmenistan öz öndüren ýangyçlaryny saklamak üçin dürli ölçegli çelekleri satyn alar
Türkmenistanyň prezidenti resmileri nebit-gaz önümlerini ýerlemek üçin bazar tapmaga howlukdyrýar
“Ýunaýtediň” taryhy ýeňşi
“Ýunaýtediň” taryhy ýeňşi
Türkmenistanyň we Bahreýniň wekilleri ÝET, syýahatçylyk we “Altyn asyr” köli barada maslahat etdiler