Türkmenbaşy porty, koreý mekdebi we 5G. Türkmenistanyň we Günorta Koreýanyň prezidentleri gepleşik geçirdiler

Aşgabatda 17-nji aprelde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Koreýa Respublikasynyň prezidenti Mun Çže Iniň arasynda dar çäkde we giňeldilen düzümde gepleşikler geçirildi.

TDH-nyň habar bermegine görä, Berdimuhamedow “energetika we ulag pudaklaryny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde belläp, koreýäly hyzmatdaşlara Türkmenistanyň port infrastrukturasyny peýdalanmagyň mümkinçiliklerine seretmegi teklip etdi. Gämi gurluşygynda hem hyzmatdaşlak perspektiwalary görünýär”.

Koreýanyň prezidenti hem öz gezeginde türkmen kärdeşi bilen bilelikde koreý dilini öwretmek programmasyny giňeltmek we Türkmensitanda sidžo mekdeplerini açmak barada bir pikiire gelendiklerini aýtdy. Mundan başga, taraplar türkmen studentleriniň Günorta Koreýada tälim alamk mümkinçiliklerini giňeltmek hakynda ylalaşyga geldiler.

Neşiriň ýazmagyna görä, Koreýanyň zawodlar birleşiginiň we Koreýanyň senagat tehnologiýalary institutynyň goldaw bermeginde Türkmenistanda senagat we ÝET ugrunda kadrlar taýýarlanylar. Şeýle-de, saglygy saklaýyş, husussan-da elektron saglygy goraýş, şol sanda distansiona medisina ugrundan hyzmatdaşlyk ýola goýlar.

Mundan başga, Koreýa Respublikasynyň prezidenti, dünýäde birinji bolup 5G kommersializasiýa tehnologiýalaryny işe girizen lider, Türkmenistanyň sanly infrastrukturasyny giňeltmekde kömek teklip etdi.

Ýene degişli makalalar

Berdimuhamedow “sanly burawlary” işjeň ornaşdyrmagy tabşyrdy
Türkmenistan öz öndüren ýangyçlaryny saklamak üçin dürli ölçegli çelekleri satyn alar
Türkmenistanyň prezidenti resmileri nebit-gaz önümlerini ýerlemek üçin bazar tapmaga howlukdyrýar
“Ýunaýtediň” taryhy ýeňşi
“Ýunaýtediň” taryhy ýeňşi
Türkmenistanyň we Bahreýniň wekilleri ÝET, syýahatçylyk we “Altyn asyr” köli barada maslahat etdiler