Türkmenistanyň prezidenti resmileri nebit-gaz önümlerini ýerlemek üçin bazar tapmaga howlukdyrýar

7-nji martda ýangyç-energetika toplomy (ÝET) boýunça wise-premýer Myratgeldi Meredow prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa öz pudagynda gazanylan üsytünlikler hakynda hasabat berdi.

Meredowyň tassyklamagyna görä, nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşynyň meýilnamasy 101,8%, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň meýilnamasy 106,8%, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 110,5%, benzin öndürmegiň meýilnamasy 102,8%, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 106,3%, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 102,1%, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy bolsa 118,1% ýerine ýetirildi.

Emma döwlet baştutany wise-premýere “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak meseleleriniň üstünde işlemgi tabşyrdy.

Mundan başga, prezident nebit-gaz toplumyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilýän maýa serişdeleriniň özleşdirilişini çaltlandyrmagy, energiýa göterijileri dünýä bazarlaryna ugratmagy diwersikasiýalaşdyrmagy, nebit we gazhimiýa önümlerini öndürmäge niýetlenen häzirki zaman kärhanalary gurmagy tabşyrdy.

Belki-de, döwlet baştutany Owadandepede $1,7 mlrd serişdä gazdan benzin öndürmek üçin gurlan zawodda öndüriljek sintetiki benzini nazarda tutandyr.

Bu zawody 2018-nji ýylda ulanmaga bemek planlaşdyryldy.Prezident Berdimuhamedow şu ýylyň 10-njy ýanwarynda onuň gurluşygynyň barşyny elin baryp, gözden geçirdi, emma bu iş henize-bu güne çenli hem tamamlanmady.

Ýene degişli makalalar

Berdimuhamedow “sanly burawlary” işjeň ornaşdyrmagy tabşyrdy
Türkmenistan öz öndüren ýangyçlaryny saklamak üçin dürli ölçegli çelekleri satyn alar
“Ýunaýtediň” taryhy ýeňşi
“Ýunaýtediň” taryhy ýeňşi
Türkmenistanyň we Bahreýniň wekilleri ÝET, syýahatçylyk we “Altyn asyr” köli barada maslahat etdiler
Türkmenbaşy porty, koreý mekdebi we 5G. Türkmenistanyň we Günorta Koreýanyň prezidentleri gepleşik geçirdiler