“Ýunaýtediň” taryhy ýeňşi

Fransiýanyň çempionatynda 1 oýny kem 17 utuk öňde barýan we çempionlygyna gün sanaýan PSŽ-niň diýeni Çempionlar ligasynda şowuna boluberenok.Toparyň katarly eýelerini “Ligue 1”-däki yzly-yzyna gazanylýan çempionlyklar kanagatlandyrmaýar.

Toparyň ýolbaşçylary Ýewrokuboklarda ýeňiş gazanmak maksady bilen tälimçi baryny hem çalyşýar. Ýöne häzirlikçe UEFA-nyň ýaryşlarynda olaryň diýeni bolanok.Aslynda, PSŽ Çempionlar ligasynyň utulan-çykdy tapgyrynyň 1-nji duşuşyklarynda diýseň şowly oýun görkezýär.

Emma bu jogap oýny üçin ýeterlik bolmaýar.Mysal üçin, 2014-nji ýylda “Çelsini” 31 utup, myhmançylykda 20 utulýar.Olar 2017-nji ýylda Parižde 40 utup, myhmançylykda-da “Barselonadan” 61 ýeňilýär.

Bu futbolyň taryhyndaky iň uly yza gaýdyş wakasy hökmünde bellige alynýar.Bu gezek hem PSŽ myhmançylykda “Mançester Ýunaýtedi” 20 hasabynda ýeňip, çärýek finalyň bosagasyndan ilkinji ädimini ädipdi.Emma edil aýagyndan çekilen ýaly, PSŽ-niňki ýene-de bolmady. Ýogsam, “Mançester Ýunaýted” esasy düzüminiň Pogba, Lingard, Mata, Matiç, Walensiýa, Jons… ýaly 10 oýunçysyny şikesli we jerimesi sebäpli Pariže alyp hem gaýtmady.

Eýýäm oýnuň 2-nji minutynda ünsüni jemläp ýetişmedik goragçylaryň ýalňyşlygyndan peýdalanan Romelu Lukaku derwezeçi Buffony-da geçip hasaby açdy. Şondan soň PSŽ oýnuň jylawyny ele alyp, 12-nji minutda hasaby deňledi.

Bu goly Mbappeniň pasyndan soň, Huan Bernat öz adyna ýazdyrdy.Bu onuň şu möwsümde Çempionlar ligasyndaky 3-nji goly boldy.Duşuşygyň 30-njy minutynda Reşfordyň uzakdan uran topuny Buffon saklap bilmedi.

Pursatdan peýdalanan Romelu Lukaku ýene-de mankunianlary öňe saýlady.Oýnuň 1-nji ýarymy şu hasap bilen tamamlandy.Bu hasap parižlilere çärýek finala çykmak üçin ýeterlikdi.Emma duşuşygyň 90+2-nji minutynda jerime meýdançanyň içinde top Kimpembäniň (1-nji oýunda tapawutlanypdy) eline degdi.

VAR-yň kömegi bilen emin Damir Skomina ak nokady görkezdi. Şol penaltini-de Markus Reşford dürs urup, oýna soňky nokady goýdy. Şeýlelikde, PSŽ toparyna garanyňda, has köp çarşenbäni başdan geçiren “Mançester Ýunaýted” Çempionlar ligasynyň taryhynda 1-nji oýunda öz meýdançasynda 20 utulyp, jogap duşuşygyndan soň, indiki tapgyra çykan ilkinji klub boldy. “Ýunaýted” topary 4 ýyldan soň, çärýek finala adyny ýazdyrdy.

PSŽ bolsa, bassyr 3-nji ýola 1/8 finaldan yzyna gaýtdy.MYHMANÇYLYKDAKY ÝEŇIŞLER HEMÝETERLIK BOLMAÝARŞunlukda, UEFA Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň 4 duşuşygy tamamlanyp, 2 iňlis (“Mançester Ýunaýted”, “Tottenham”), 1 golland (“Aýaks”) we 1 portugal (“Porto”) topary çärýek finalçy boldy. Şu ýerde ýene bir zady bellesek, ol hem 1-nji oýunlarda, üstesine-de myhmançylykda gazanylan ýeňişleriň jogap duşuşyklarynda o diýen ähmiýeti ýok diýsek, öte geçdigimiz bolmaz. Şol nukdaýnazardan, “Atletikodyr” “Mançester Sitiniň” hem jogap oýunlarynda has hüşgär hereket etjekdiklerini häzirden aýtsa bolar.

Ýene degişli makalalar

“Ýunaýtediň” taryhy ýeňşi
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
PSŽ hem-de “real madrid” çärýek finalyň bosagasynda
120-nji möwsüme badalga berler
Futbol täzelikleri
“AÝAKSMY” ýa-da “M. ÝUNAÝTED”