PSŽ hem-de “real madrid” çärýek finalyň bosagasynda

Iki aýlyk arakesmeden soň, klub ýaryşlarynyň iň naýbaşysy hasaplanýan UEFA Çempionlar ligasyna badalga berildi.Ikinji tapgyryň ýa-da 1/8 finalyň ilkinji 4 duşuşygy oýnalyp, olaryň 2-sinde myhmanlar ýeňşini baýram etdi we çärýek finala çykmak ugrunda uly mümkinçilik gazandy.

Tapgyryň iň esasy üns çeken oýunlarynyň birinde milli çempionatda şowly oýunlardan soň, 4-nji orna beýgelen “Mançester Ýunaýted” bilen nobatdaky çempionlygy üçin gün sanaýan PSŽ duşuşdy.Bu olaryň UEFA-daky ilkinji duşuşygy boldy. Çekeleşikli geçen oýun myhmanlaryň peýdasyna tamamlandy.

PSŽ güýçli garşydaşyny 20 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.Gollary fransiýaly futbolçylar Presnel Kimpembe (53) bilen Kilian Mbappe (60) derwezä girizdi. Ýer eýeleriniň hasaby deňlemek üçin eden tagallalary öz oňyn netijesini bermän, gaýtam, parižliler birnäçe amatly pursatlardan peýdalanyp bilmediler.

Oýnuň ahyrynda ýer eýelerinden Pol Pogba gyzyl kart aldy. Şeýlelikde, “Mançester Ýunaýted” täze tälimçisi Ule Gunnar Sulşeriň ýolbaşçylygynda 12-nji oýunda ilkinji gezek utuldy.Şol günki beýleki oýunda “Roma” bilen “Porto” duşuşdy.

Bu oýunda-da gollar 2-nji ýarymda geçirildi. Ýer eýeleri 19 ýaşly ýarymgoragçysy Nikola Zaniolonyň 70-nji we 76-njy minutlardaky gollary bilen 20 öňe saýlandy.Duşuşygyň 79-njy minutynda-da Adrian Lopez “Portony” jogap oýny üçin umytlandyran goly öz adyna ýazdyrdy.

BENZEMANYŇ 60-njy GOLY,RAMOSYŇ 600-nji OÝNYBu kubogyň soňky 3 ýylynyň ýeňijisi “Real Madrid” myhmançylykda 13 ýyldan soň, 2-nji tapgyra çykan “Aýaks” bilen duşuşdy.

Oýna ýer eýeleri erjel başlap, olar 37-nji minutda hasaby açdylar. Ýöne emin Damir Skomina ony hasaba alsa-da, soňlugy bilen, VAR-yň görkezmesi boýunça ol gol hasaba alynmady.

Nikolas Taliafikonyň bu goly Çempionlar ligasynda VAR tarapyndan hasaba alynmadyk ilkinji gol boldy. 2-nji ýarymda azda-kände oýunda artykmaçlyk görkezen “Real Madrid” hasaby açdy. 60-njy minutda Junior Winisiusyň pasyndan soň, Karim Benzema Çempionlar ligasyndaky 60-njy pökgüsini derwezä girizdi.

Ol Ronaldo, Messi we Rauldan soň, bu görkezijä ýeten 4-nji futbolçy boldy. Şol goldan 15 minut soň, Neresiň beren topuny gelşine batly uran Hakim Ziýeç hasaby deňledi.Duşuşygyň 89-njy minutynda-da Karwahalyň uzak aralykdan geçiren topuny 73-nji minutda oýna giren goşulan Marko Asensio diňe derwezä girizäýmek galdy. Şeýlelikde, myhmançylykda 21 hasabynda ýeňiş gazanan “Real Madrid” topary bassyr 9-njy ýola çärýek finala çykmak üçin uly mümkinçilige eýe boldy.

Duşuşykda sary kart alyp, jogap oýny üçin jerimeli ýagdaýa düşen Serhio Ramos “Realyň” düzüminde 600-nji gezek meýdança çykdy.Ol toparyň iň köp duşuşyk geçiren 6-njy futbolçysydyr. 32 ýaşly Ramos ýene-de 2 oýun oýnasa, 4-nji orna geçer.

“TOTTENHAM” BIR ÄDIM ÖŇDEOwadan we hüjüm futbolyny oýnaýan 2 toparyň 1-nji duşuşygynda “Tottenham” öz meýdançasynda Dortmundyň “Borussiýasyny” 2-nji ýarymda geçiren gollary bilen 30 hasabynda ýeňip, çärýek finalyň bosagasyndan ilkinji ädimi ätdi. 47-nji minutda Son Hyn-min hasaby açdy.

Bu onuň 11-nji duşuşygynda nemes toparynyň derwezesinden geçiren 9-njy pökgüsidir.Oýnuň soňky minutlarynda-da, ýagny 83-nji minutda Ýan Wertongen, 86-njy minutda-da Fernando Lorente iňlis toparynyň 23-nji gollaryny derwezä girizdiler. Şeýlelikde, “Tottenhamyň” gazanan bu uly ýeňşi olary 8 ýyldan soň, 2-nji gezek çärýek finala golaýlaşdyrdy.Bu gezekki oýnalan oýunlaryň jogap duşuşyklary 5-nji we 6-njy martda oýnalar. 1/8 finalyň galan 4 duşuşygynyň 1-nji oýunlary geljek hepdäniň sişenbe we çarşenbe günleri oýnalyp, 19-njy fewralda “Lion” “Barselonany”, “Liwerpul” “Bawariýany”, 20-nji fewralda-da “Atletiko” “Ýuwentusy”, “Şalke” bolsa, “Mançester Sitini” kabul eder.

Ýene degişli makalalar

IFFHS XXI asyryň iň gowy futbol eminini yglan etdi
“AÝAKSMY” ýa-da “M. ÝUNAÝTED”
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
“Ýunaýtediň” taryhy ýeňşi
“Ýunaýtediň” taryhy ýeňşi
Futbol täzelikleri