“AÝAKSMY” ýa-da “M. ÝUNAÝTED”

24-nji maýda, çarşenbe güni Şwesiýanyň paýtagty Stokgolmdaky “Friends Arena” stadionynda UEFA Ýewropa ligasynyň finaly oýnalar.Sloweniýaly Damir Skominanyň jürlewük çaljak oýnunda “Aýaks” (Gollandiýa) bilen “Mançester Ýunaýted” (Angliýa) klublary duşuşar.

Oýun Aşgabat wagty bilen 23:45-de başlanar.Iki klub mundan öň 4 gezek gabatlaşdylar.Her klubam 2 gezek ýeňiş gazandy.Olaryň arasyndaky 1-nji oýun mundan 41 ýyl ozal oýnalyp (1976/77), şol wagtky UEFA kubogynyň 1-nji tapgyrynda “Aýaks” Amsterdamda 10, “Ýunaýtedem” Mançesterde 20 hasabynda utupdy. 2011/12 möwsüminde Ýewropa ligasynda 1/16 finaldaky duşuşyklarda her topar myhmançylykda ýeňiş gazandy. “Aýaksy” myhmançylykda 20 utan “Ýunaýted” öz meýdançasynda 21 utulsa-da, 1/8 finala çykypdy.Iki toparam Ýewropa ligasynda ýeňiş gazanyp, Çempionlar ligasyna gönümel gatnaşmak isleýär. “Ýunaýted” çempionaty öňdäki 4 orundan aşakda tamamlaýandygy üçin Çempionlar ligasynyň petegini gazanyp bilmedi. “Aýaks” bolsa, 2-nji ýeri eýeläp, Çempionlar ligasyna pleý-offdan soň, gatnaşmaly bolar. Şol sebäpli bu kubogyň ähmiýeti 2 klub üçinem diýseň uly.

Beýleki bir tarapdanam, “Mançester Ýunaýted” UEFA-nyň 3 ýaryşynda-da ýeňiş gazanan 5-nji topar bolmakçy. “Ýuwentus”, “Aýaks”, “Bawariýa” hem-de “Çelsi” toparlary Çempionlar ligasynda, UEFA Ýewropa ligasynda hem-de öňki döwürlerde guralan Kubokçylaryň kubogy bäsleşiginde ýeňiji bolupdy. “Mançesteriň” Çempionlar ligasynda 3, Kubokçylaryň kubogy ýaryşynda-da 1 çempionlygy bar.

Ýene degişli makalalar

FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
PSŽ hem-de “real madrid” çärýek finalyň bosagasynda
“Ýunaýtediň” taryhy ýeňşi
“Ýunaýtediň” taryhy ýeňşi
Futbol täzelikleri
“Tottenhammy” ýa-da “Liwerpul”