Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi işewürlik maslahaty hyzmatdaşlygyň täze gözýetimlerini açýar

Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda köpugurly dialogy giňeltmegiň çäklerinde “Özara baglanyşygy ösdürmek, maýa goýumlary çekmek we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça täze gözýetimler” atly işewürlik maslahaty geçirildi.

Ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryny, diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň, işewür toparlaryň wekillerini bir ýere jemlän bu duşuşyk hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda “Açyk gapylar”, giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny durmuşa geçirýän ýurdumyzyň ýokary halkara abraýynyň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi işewürlik maslahaty hyzmatdaşlygyň täze gözýetimlerini açýar
Aşgabatda SPECA hepdeligi geçirilýär
Türkmenistanly kino toparlarynyň 7-si 48 sagatda atly halkara film bäsleşigine gatnaşýar
Türkmenistanly zenan tennisçiler Billi Jin King kubogyndaky ilkinji duşuşygynda ýeňiş gazandylar
Türkmenistanyň U-20 ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2023-e çykyp bilmedi
Türkmenistanda Hasyl toýy bellenildi