Türkmenistanyň U-20 ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2023-e çykyp bilmedi

Türkmenistanyň U-20 ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2023-e çykyp bilmedi

Türkmenistanyň futbol boýunça 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyryndaky üçünji duşuşygynda Siriýanyň ýygyndysyndan utulyp, ýaryşyň final tapgyryna çykmak mümkinçiligini doly ýitirdi.

Iordaniýanyň Amman şäherinde geçirilen duşuşyk Siriýanyň ýygyndysynyň 4:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Ugurdaş duşuşykda Iordaniýanyň we Taýwanyň ýygyndylary 0:0 hasabynda deňme-deň oýnadylar.

Şeýlelikde, türkmen ýygyndysy toparçada 3 utuk toplap, dördünji orny eýeledi. Duşuşyklarda Iordaniýanyň ýygyndysy 10, Siriýa 9, Taýwan bolsa 7 utuk toplady.

Ýaryşyň final tapgyryna ähli toparçalaryň ýeňijileri we ikinji orny eýelän ýygyndylaryň arasyndan iň gowy bäşisi gatnaşar.

Aziýanyň kubogy ― 2023-iň geljek ýylyň 1 ― 18-nji marty aralygynda Özbegistanda geçiriljekdigini ýatladýarys.

Ýene degişli makalalar

Paragwaýyň täze Prezidenti wezipesine girişdi
Türkiyäniň deňiz balykgulak eksporty artdy
Futbol boýunça Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama tapgyryndan öň Hytaýda OTÝ geçer
Tomusky dynç alyş möwsüminde Türkmenistanyň ähli künjeklerinde 20 müňden gowrak çaga dynç aldy, Türkmenistanyň Prezidenti daýhanlary ýokary hilli bugdaý tohumy bilen üpjün etmegi tabşyrdy we beýleki habarlar
Türkmen mekdep okuwçylaryna ýurduň Prezidentiniň adyndan noutbuklar sowgat berler, Azerbaýjanyň Türkmenistandaky täze ilçisi wezipä bellendi we beýleki habarlar
Türkmenistanyň futbol ýygyndysy ýoldaşlyk duşuşyklaryna Aşgabatda taýýarlanýar
Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndysy (U-23) Aziýa Kubogy — 2024-iň saýlama tapgyryna girişýär