TÜRKMENISTAN ÝUNESKO: MAGTYMGULY PYRAGY UMUMADAMZAT ŞAHYRY

TÜRKMENISTAN  ÝUNESKO: MAGTYMGULY PYRAGY UMUMADAMZAT ŞAHYRY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan Watanymyz dünýäde ägirt uly medeni ösüşleri başdan geçirýän ýurt hökmünde giňden tanalýar.Paýtagtymyzyň, welaýatlarymyzyň gözelligine kaşaňlyk öwüşgünini çaýýan medeni maksatly binalar, Medeniýet köşkler, merkezler, teatrlar, muzeýler, kitaphanalar halkyň medeni durmuşynyň aýnasydyr.

Mähriban Diýarymyzda “Medeniýet halkyň kalbydyr” diýen ýörelgeden ugur alyp, bu ulgamy döwrebap ösdürmäge, dünýä derejesine çykarmaga aýratyn ähmiýet berilýär.

Türkmenistan medeniýetiň, sungatyň Watany.Muny taryhy eýýamlar hem, şu günki Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri hem doly subut edýär.Bu mekan medeni ösüşleriň mekany.Halkymyzyň haýsydyr bir sungatdan başy çykmaýan wekili ýokdur. Şeýle bolansoň türkmen sazy, aýdymy, şekillendiriş, teatr we kino sungaty älemi haýrana goýup, türkmeniň paýhasyny dünýä ýaýýar.

Gözellikde teňi-taýy bolmadyk halylary, ýaýlalarymyz ýaly owadan keçeleri, ýylyň her paslyna laýyk gelýän ýüpek matalary, öýlere ýaraşyk berýän palaslary, dünýä malyna deňelýän düýe malynyň ýüňünden taýýarlanylýan agarçäkmeni, dünýäni baglan baganany we silkme telpegi ýaly gymmatlyklary döredip bilen halk senedi sungata öwürmekde nusgadyr.

Şu günler şeýle uly ösüşleri başdan geçirip, baky bagtyýarlygyň höküm sürýän ýurdy hökmünde tanalýan Watanymyzda toýlar uludan tutulýar. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni baýramçylygy giňden bellenilýär. Bu tutumly toýuň çäginde birnäçe dabaraly çäreler, maslahatlar, konsertler geçirilýär. Bu baýram türkmeniň öz akyldaryna goýýan hormatyny hem açyp görkezýän baýramdyr.

Türkmen halkynyň medeni-edebi ösüşi müňýyllyklara uzaýan taryhymyzda baý döredijiligi bilen mäkäm orun eýelän şahsyýetlerimiz bilen berk baglydyr. Halk durmuşynda olaryň ýerine ýetiren hyzmatlaryna mynasyp baha bermek halkyň tutuş ruhy dünýäsine hormat goýmakdyr. Türkmen halky edebiýata-sungata, taryhy şahsyýetlerine çäksiz sarpa goýýan şahyrana halk. Şeýle şahsyýetleriň biri hem dana we akyldar şahrymyz Magtymguly Pyragydyr.

Türkmen edebiýatynda esasy orun Magtymguly Pyraga degişlidir. Parasatly şahyr söz sungatynyň ussadydyr. Şahyryň belent adamkärçilik baradaky garaýyşlary, çuň manyly öwüt-ündewleri özboluşly terbiýeçilik mekdebi bolup, ynsanlara ruhy hemaýat berip geldi.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligine çäksiz hormat goýýan Gahryman Arkadagymyz: Ajaýyp şygyrlar bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir“ diýip, jaýdar belleýär.

Magtymguly Pyragy öz halkyny berkarar döwletlilige, agzybirlige, jebislige, erkinlige çagyran şahyr. Şahyryň halk durmuşyndan söhbet açýan her bir şygry ýürekleriň töründen orun aldy.Akyldar şahyryň paýhas ummanyndan syzylyp çykan çuň mazmunly, dünýewi düşünjeli şygyrlary umumadamzat gymmatlyklary bolup, dünýä ýaýyldy.

Türkmen milli edebiýatynyň ösüşine ajaýyp döredijilik däpleri bilen uly badalga beren Magtymguly Pyragynyň şygryýet bossany, milli aýdym we saz medeniýetimizi hem baýlaşdyrdy. Magtymgulynyň goşgularyna döredilen aýdymdyr sazlar türkmen bagşylary tarapyndan ussatlyk bilen ýerine ýetirilip, diňleýjileriň köňül küýsegine öwrülip toý-dabaralary bezäp gelýär.

Türkmen halk aýdymlary bilen bilelikde Magtymguly Pyragy ýaly belli nusgawy şahyrlaryň şygyrlaryna döredilen aýdymlary ýerine ýetirmek ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda meşhurdyr. Gadymy mirasly halkymyzyň ýokary ahlak we watansöýüjilik häsiýetleri jemlenen Magtymguly Pyragynyň şygyrlary türkmeniň şahyrana döredijiliginiň naýbaşy eserleridir. Bagşylar ol şygyrlary ussatlyk bilen ýerine ýetirýärler. Halypalardan şägirtlere geçip gelýän bu gadymy sungat häzirki döwürde hem öz ajaýyp ýoluny dowam edýär.

Türkmen halky özüniň beýik şahsyýetlerini aýratyn sarpalaýar. Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylda dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren, milli medeniýetimiziň ösüp kämilleşmegine bimöçber goşant goşan, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly belleniler. Söz ussadymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaraly çärelere şu günlerden uly badalga berildi.

Gahryman Arkadagymyzyň: “Durmuşyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly Diýarymyzyň medeniýetini we sungatyny ösüşiň täze derejelerine götermäge gönükdirilen uly işleriň amala aşyrylmagyna biz hemişe möhüm ähmiýet berýäris” diýen parasatly sözlerinden ugur alnyp, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda, Medeniýet hepdeliginiň meýilnamasyna laýyklykda, Magtymguly, sözlär tili türkmeniň atly festiwalyň çäginde Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariatynyň bilelikde guramagynda Türkmenistan ÝUNESKO: Magtymguly Pyragy umumadamzat şahyry atly maslahat geçirildi.

Maslahatda Magtymguly Pyragynyň türkmen milli aýdym-saz we şekillendiriş sungatyndaky tutýan orny, bu beýik şahyryň daşary ýurt kompozitorlarynyň döredijiligine ýetiren täsiri, onuň golýazmalarynyň dünýä gymmatlyklarynyň hatarynda mynasyp derejä eýe bolanlygy, şahyryň şygyrlarynyň ruhy-ahlak ýörelgeleri barada giňişleýin çykyşlar boldy.

Gahryman Arkadagymyz: Magtymguly Pyragy ylmyň, edebiýatyň, dünýä medeniýetiniň özünden öňki gazananlaryny akyl eleginden geçirip, dürdäne eserleri döretdi diýip, beýik söz ussadyna ýokary baha berýär.Pyragynyň dürdäne eserleri umumadamzat derejesindäki gymmatlyklardyr. Şu ýylyň 10-24-nji maýy aralygynda Fransiýanyň Pariž şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň Dünýäniň hakydasy maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi barada çözgüdiň kabul edilmegi bu akyldar şahyryň umumadamzat ähmiýetli şygyrlarynyň şan-şöhratynyň dünýä derejesindäki ykrarnamasydyr.

Bu waka türkmeniň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileý dabarasyna aýratyn öwüşgin çaýdy.

Goý, dillerde dessan bolan bu gadymy Diýary medeni ösüşlere besläp, ykbally halkymyzy belent sepgitlere sary alyp barýan Hormatly Prezidentimiziň tutumly işlerinde hemişe üstünlikler hemra bolsun!

Goý, türkmeniň Magtymguly ýaly ägirtlerine çäksiz sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, döwletli işleri baky rowaç bolsun.

Ýene degişli makalalar

Halypalaryň mekdebi halkyň ruhy mirasydyr atly ýatlama çäresi
Ile döwlet geler bolsa
Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli suratkeşiň döredijiligine bagyşlanan sergi
Türkiýe, Eýrana, Yraga we Pakistana Parasatlylyk Çagyryşyny Berdi
Kös
Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylsyz ulgamy: innowasiýalara tarap ugur