Türkmenistan ÝUNESKO-nyň garamagyna birnäçe teklipleri hödürledi

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň garamagyna birnäçe teklipleri hödürledi

23-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek mejlisiň esasy meseleleriniň biri boldy.

Mejlisiň başynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi.Wise-premýer Türkmenistanyň BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, degişli teklipler hödürlenildi.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň dowamynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna Türkmenistanyň köptaraplaýyn we milli hödürnamalaryny girizmek boýunça degişli işler dowam etdirildi.Hususan-da, Özbegistan we Täjigistan bilen bilelikde Beýik Ýüpek ýolunyň Zarawşan — Garagum geçelgesi hem-de Eýran Yslam Respublikasy bilen bilelikde Türkmeniň keşdeçilik sungaty atly köptaraplaýyn hödürnamalar doly taýýarlanylyp, ÝUNESKO-nyň sekretariatyna tabşyryldy.

Bu hödürnamalar boýunça çözgütleriň 2022-nji ýylda kabul edilmegine garaşylýar.Milli hödürnamalar barada aýdylanda, ÝUNESKO-nyň Şäherleriň döredijilik toruna Aşgabat şäherini girizmek boýunça resminamalaryň doly taýýarlanylandygyny hem-de bu guramanyň sekretariatyna tabşyrylandygyny bellemek gerek.

Bu babatda gutarnykly çözgüdiň şu ýylyň 29-njy oktýabrynda yglan edilmegine garaşylýar. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizmek üçin Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty atly hödürnama boýunça resminamalaryň toplumy hem dolulygyna bu gurama tabşyryldy.

Bu bölüm boýunça netijäniň şu ýylyň dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Maddy däl gymmatlyklar boýunça komitetiň çäginde kabul edilmegine garaşylýar. Şeýle hem Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň aram guşaklykdaky çölleriniň goraghanalaryny öz içine alýan Aram guşaklygyň Turan çölleri atly transmilli hödürnamany taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

Bu hödürnamanyň çäklerinde Türkmenistanyň üç sany, ýagny Repetek biosfera, Bereketli Garagum we Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanalarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi göz öňünde tutulýar.Döwlet Baştutanynyň goldaw bermeginde, Köýtendag ekoulgamyny hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça resminamalar taýýarlanylýar.

Olary baýlaşdyrmak, ylmy-barlag maglumat bilen üpjünçiligini artdyrmak we bu ugurda halkara tejribäni çekmek maksady bilen, ABŞ-nyň Uly landşaftlary goramak merkezi bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek teklip edilýär.Beýan edilen teklipleri nazara almak bilen, özara düşünişmek barada Ähtnamanyň taslamasyny taýýarlamagyň möhümdigi bellenildi. ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy ekologiýa, daşky gurşawy goramak, ekoulgamlar hem-de tebigy baýlyklary Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek meselelerinde ösdürmek maksady bilen, bu guramanyň Adam we biosfera atly halkara maksatnamasynyň çäklerinde işleri güýçlendirmek teklip edilýär.

Onuň düzgünlerine laýyklykda, ÝUNESKO-nyň agza ýurtlarynda ugurdaş milli komitetler döredilýär.Türkmen Lideri ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy has-da berkitmegiň, degişli ugurda yzygiderli işleri geçirmegiň, Türkmenistanyň öňe süren netijeli başlangyçlaryny ilerletmegiň möhümdigini belläp, bu babatda wise-premýere, daşary işler ministrine hem-de degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Hökümet agzalaryny we ähli watandaşlaryny ÝUNESKO-dan gelen hoş habar bilen gutlady
Ýurdumyzyň täsin çöl ekoulgamlary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
Milli mirasymyzyň halkara derejesindäki dabaralanmasy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistan ÝUNESKO köptaraplaýyn we milli teklipleriň ençemesini hödürledi