Türkmenistan ýylyň başyndan bäri 90 müň tonnadan gowrak pomidor eksport etdi

Türkmenistan ýylyň başyndan bäri 90 müň tonnadan gowrak pomidor eksport etdi

Türkmenistanda ýylyň başyndan bäri 90 müň tonnadan gowrak pomidor eksport edildi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 10 müň tonna ýokarydyr. Türkmenistanda ýetişdirilen pomidor esasy import ediji döwletler Russiýa Federasiýasy, Gyrgyzystan, Gazagystan we BAE bolup durýar. Bu barada Neýtralnyý Turkmenistan gazetinde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda ýyladyşhanalarda gök we bakja önümlerini ýetişdirmekde türkmen telekeçileri uly öňegidişlikleri gazanýarlar. Esasan hem, Türkmenistanda ýetişdirilen pomidoryň eksport mukdary ýylyň-ýylyna artýar. Häzirki wagtda Türkmenistanda döwrebap ýyladyşhanalaryň umumy meýdany 916 gektara barabar bolup, şonuň 868 gektarynda pomidor ýetişdirilýär.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistan 2022-nji ýylda daşary ýurtlara 104 müň tonnadan gowrak pomidor eksport etdi. Ýokardaky maglumatlar bolsa, bu görkezijiniň 2023-nji ýylyň jemleri boýunça has-da ýokary boljakdygyny görkezýär.

Ýene degişli makalalar

Sarahs etrabynda gowaça ekişi tamamlanýar
Balkan welaýatyndaky ýod-bromly suw ýataklary özleşdiriler
Aşgabatda täze söwda-dynç alyş we işewürlik merkezi gurlar
Ispan kompaniýasy 2 million türkmenistanlyny süýji suw bilen üpjün etjek taslamany durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýär
Türkmen uniwersitetiniň ýaşlar topary Dubaýda geçirilen halkara ýaryşda 2-nji orny eýeledi
Türkmen talyplary Dubaýda geçirilen halkara ýaryşda 2-nji orny eýelediler
Aşgabatda Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň lukmançylyk we sanitariýa edaralarynyň maslahaty açyldy