Türkmenistan ýylyň başyndan bäri Ulýanowsk sebitine 592 tonna goýun ýüňüni eksport etdi

Türkmenistan ýylyň başyndan bäri Ulýanowsk sebitine 592 tonna goýun ýüňüni eksport etdi

Türkmenistan 2023-nji ýylyň başyndan bäri Russiýa Federasiýasynyň Ulýanowsk sebitine goýun ýüňüniň 592 tonnasyny eksport etdi. Bu barada Rosselhoznadzor habar berdi.

Rosselhoznadzoryň Çuwaş Respublikasy we Ulýanowsk sebiti boýunça edarasynyň hünärmenleri ýylyň başyndan bäri Türkmenistandan Ulýanowsk sebitine gelen 592,43 tonna ýuwlan goýun ýüňüniň 30 tapgyryny gözden geçirdiler. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 35% köpdür.

Ýüke degişli resminamalara laýyklykda, hünärmenler ýüňüň soňky 12 aýyň dowamynda agsyl keseli hasaba alynmadyk ýerlerde öndürilendigini hem-de ýuwlandygyny mälim etdiler.

Gözlegleriň netijelerine esaslanyp, ulagyň, gözegçilik edilýän ýükleriň we weterinariýa resminamalarynyň Russiýa Federasiýasynyň weterinariýa talaplaryna laýyklygy kesgitlenildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Russiýa ýylyň başyndan bäri 1279,9 tonna goýun ýüňüni eksport etdi
Rosselhoznadzor Türkmenistandan satyn alnan ýüňleriň arassaçylyk kadalaryna laýyklygyny tassyklady
Türkmenistan Russiýanyň Ulýanowsk oblastyna 707,5 tonna goýun ýüňüni eksport etdi
Türkmenistan Russiýa 700 tonnadan gowrak goýun ýüňüni eksport etdi
Kazandaky türkmen konsuly pul geçirim çäklendirmeleriniň gowşadylmajakdygyny aýtdy
Russiýanyň Ulýanowsk oblastynyň ýaşaýjysy 91 ýaşynda öýlendi