Türkmenistan Russiýa ýylyň başyndan bäri 1279,9 tonna goýun ýüňüni eksport etdi

Türkmenistan Russiýa ýylyň başyndan bäri 1279,9 tonna goýun ýüňüni eksport etdi

Rosselhoznadzoryň Çuwaş Respublikasy we Ulýanowsk welaýaty boýunça müdirliginiň hünärmenleri Türkmenistanyň welaýatlarynda öndürilen we arassalanan 1279,9 tonna goýun ýüňüniň 66 tapgyryny arassaçylyk barlagyndan geçirdiler diýip, rus weterinar gullugy habar berýär.

Habar berilmegine görä, eksportyň bu ýylky möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 68% köpdür. Ýatlap geçsek, geçen ýyl Türkmenistan Russiýa Federasiýasyna 801,4 tonna ýüň eksport edipdi.

Şu ýylyň noýabr aýynda bolsa Rosselhoznadzoryň Çuwaş Respublikasy we Ulýanowsk welaýaty boýunça müdirliginiň hünärmenleri Türkmenistandan 8 tapgyrda sebite getirilen 158,6 tonna goýun ýüňüni barlagdan geçirdiler.

Geçirilen barlaglaryň netijesinde, ulag serişdeleriniň, gözegçilikden geçirilýän ýüküň we weterinar gözükdiriji resminamalaryň Russiýa Federasiýasynyň weterinar talaplaryna laýyk gelýänligi kesgitlendi. Şeýlelikde, çig mal Rosselhoznadzor müdirliginiň hünärmenleri tarapyndan Merkuriý.SWH ulgamynda №3 görnüşinde resmileşdirildi we Argus ulgamy arkaly hasaba alyndy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Russiýanyň Ulýanowsk oblastyna 707,5 tonna goýun ýüňüni eksport etdi
Türkmenistan ýylyň başyndan bäri Ulýanowsk sebitine 592 tonna goýun ýüňüni eksport etdi
Türkmenistan Russiýa 700 tonnadan gowrak goýun ýüňüni eksport etdi
Rosselhoznadzor Türkmenistandan satyn alnan ýüňleriň arassaçylyk kadalaryna laýyklygyny tassyklady
Türkmenistan Nowosibirsk sebitine 18 tonna pomidor eksport etdi
Rosselhoznadzor-yň hünärmenleri Türkmenistanda tejribelerini paýlaşarlar