Türkmenistana getirilýän ulag serişdeleri we harytlar barada deslapky maglumatlary bermek mümkinçiligi döredildi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan 2024-nji ýylyň iýul aýyndan başlap, daşary ykdysady işine gatnaşyjylar we ulag-logistika kompaniýalary üçin Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi göz öňünde tutulýan ulag serişdeleri we harytlar barada elektron görnüşde deslapky maglumatlary bermek mümkinçiligi döredildi.

Deslapky maglumatlary berlen ulag serişdeleri we harytlar Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilmegi we gümrük taýdan resmileşdirilmegi ileri tutma tertibinde amala aşyrylýar.Deslapky maglumatlary serhetýaka gümrük edaralaryna Internet torunyň serişdelerini ulanmak bilen islendik çäkden bermek mümkinçiligi bar.

Gümrük edarasy deslapky maglumatyň ýagdaýy (statusy) barada ony beren şahsa olaryň ulag serişdeleriniň we harytlarynyň ýurdumyzyň çägindäki hereketi barada elektron habar iberýär. Şeýle-de, Gullugyň maglumat ulgamynda kabul edilen deslapky maglumat üçin gümrük tölegleriniň käbir görnüşlerini jemläp, aýda bir gezek tölenilýär

Çeşme: customs.gov.tm

Ýene degişli makalalar

Balkanda býujetciler pagta meýdanlaryna äkidilýär ýa-da pul tölemäge mejbur bolýar
Türkmenistanda “Bir penjire” ulgamy arkaly 20 müňden gowrak arza tabşyryldy
“Bir penjire” ulgamynda resmileşdirilen arzalaryň sany 20 müňden geçdi
Türkmenistanyň wekili BGG-niň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksatnamasyny üstünlikli tamamlady
Ygtyýarly ykdysady operator maksatnamasy boýunça okuw maslahaty geçirildi
Gümrük edaralaryna harytlar barada deslapky maglumaty bermek mümkinçiligi döredildi