Türkmenistana ilkinji “Airbus” ýük uçary gelip gowuşdy

Türkmenistana ilkinji “Airbus” ýük uçary gelip gowuşdy

Aşgabat şäheriniň Halkara howa menziline anna güni “A330-200” kysymly “P2F” görnüşli “Airbus” ýük uçary gelip gowuşdy. Ol Merkezi Aziýada ulanylýan şeýle görnüşli uçarlaryň ilkinjisidir. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Bu täze uçar Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda çykaran degişli kararyna laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentligi bilen Fransiýanyň “Airbus S.A.S.” kompaniýasynyň arasynda iki sany “A330-200” kysymly “P2F” görnüşli ýük uçarlaryny satyn almak barada baglaşylan şertnama laýyklykda gelip gowşan ilkinji uçardyr.

Habarda bellenilişi ýaly, uçarlaryň satyn alynmagy Türkmenistanyň howa gämileri ulgamynyň tehniki binýadyny has-da pugtalandyrmak bilen birlikde, milli raýat awiasiýasynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, halkara howa ýük gatnawlaryna bolan islegleri kanagatlandyrmaga, howa ulagy arkaly ýük daşamagy ýokary derejede amala aşyrmaga, hyzmatdaş döwletler bilen söwda-ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek üçin amatly şertleri döretmäge hyzmat eder.

“A330-200” kysymly “P2F” görnüşli ýük uçarynyň uçuş uzaklygy 13 müň kilometrden gowrak bolup, 60 tonna çenli ýük daşamaga niýetlenilendir.

Ýene degişli makalalar

THÝ Damaska Uçar Saparlaryny Guramaga Başlar
Ýewropa kosmosa dolandy
Turkish Airlines awiakompaniýasy Airbus we Boeing uçarlarynyň 235 sanysyny satyn almakçy
Türkmenhowaýollary Italiýa we Hytaýa ýük gatnawlaryny ýola goýar
"Airbus 330-200P2F” uçary Italiýa we Hytaýa ýük gatnawyny ýola goýar
Ulag-logistika hyzmatlary kämilleşdirilýär
Aşgabatda Türki medeniýetiň hepdeligine badalga berildi, Türkmenistanyň Prezidenti we Halk Maslahatynyň Başlygy uçarlara tehniki hyzmatlaryň ýola goýluşy bilen tanyşdylar, Türkmenistana ermenistanly teležurnalistler çagyryldy we beýleki habarlar