Türkmenistana Ýaponiýadan täze ekskawatorlar getirildi

Türkmenistana Ýaponiýadan täze ekskawatorlar getirildi

Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Ýaponiýanyň Itochu Corporation kompaniýasynyň arasynda baglaşylan degişli Ylalaşyga laýyklykda, Türkmenistana nobatdaky tapgyrda Komatsu kysymly ýer gazyjy täze tehnikalar getirilip başlandy.

Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, nobatdaky tapgyrda gelip gowşan ekskawatorlar ýokary amatlyklara eýedir. Döwrebap enjamlar ornaşdyrylan täze ekskawatorlar sowadyş we ýyladyş ulgamlarynyň bolmagy, şeýle-de ýörite monitor arkaly dolandyrylýandygy bilen tapawutlanýar.

Ekskawatoryň kuwwatlylygy 168 at güýjüne deň bolup, iş öndürijiligi sagatda, ortaça, 109 kub metre barabardyr.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Ýaponiýanyň Itochu Corporation kompaniýasynyň arasyndaky degişli Ylalaşyga laýyklykda, täze taryhy döwürde ýurduň suw hojalygy pudagy üçin Komatsu kysymly ýer gazyjy tehnikalaryň 200-siniň, şol sanda 167 ekskawatoryň, 33 buldozeriň hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlarynyň satyn alynmagy bellenildi.

Dünýä belli bu ýapon kompaniýasy bilen birnäçe ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlyk edilýär.Türkmenistanyň suw hojalygy pudagyny kämilleşdirmekde, ýurduň ähli welaýatlarynda täze gidrotehniki desgalaryň, şol sanda suw howdanlarynyň gurulmagynda hem-de olaryň bar bolanlarynyň göwrümini giňeltmekde Ýaponiýanyň Komatsu kysymly tehnikalarynyň ähmiýeti örän uludyr.

Bu kysymly tehnikalar Türkmenistanyň suw hojalyk desgalarynda öz ygtybarlylygyny görkezip, netijeli we ýokary öndürijilikli peýdalanylýar.

Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň noýabr aýynda hem Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetine, degişli ylalaşyga laýyklykda, ýer gazyjy tehnikalaryň birinji tapgyry gelip gowuşdy.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory bilen duşuşdy
21.11.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi
Ahalyň täze edara ediş merkezi Arkadag diýlip atlandyryldy, Türkmenistana Komatsu kysymly ýapon ekskawatorlary gelip gowuşdy, Aşgabatda Täze ýyl mynasybetli 500-den gowrak arça oturdyldy
Türkmenistana Komatsu kysymly ýer gazyjy täze tehnikalar gelip gowuşdy
Türkmenistan we Ýaponiýa ikitaraplaýyn resminamalara gol çekdiler
Türkmenistan we Ýaponiýa birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekdi