Türkmenistana ÝAT-niň topary bardy, olar Türkmenistanyň hapa pul ýuwulmagyna garşy üstünlikli göreşýändigi barada baha berer

Türkmenistana ÝAT-niň topary bardy, olar Türkmenistanyň hapa pul ýuwulmagyna garşy üstünlikli göreşýändigi barada baha berer

Jenaýatçylaryň girdejileriniň kanunlaşdyrylmagyna we terrorizmiň maliýeleşdirilmegine garşy Ýewraziýa toparynyň (ÝAT) ýörite wekilleri hapa pul ýuwulmagyna hem terrorizmiň maliýeleşdirilmegine garşy göreş ulgamyna bilelikde baha bermek üçin Aşgabada bardylar.

2-nji awgustda bu işleriň jikme-jiklerini maliýe we ykdysadyýet ministr Muhammetgeldi Serdarow ÝAT-iň ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Teterukow bilen maslahatlaşdy diýip Türkmenistanyň maliýe ministrligi habar berdi.

Ministriň jenap Teterukowy ynandyrmagyna görä, ýurtda hapa pul ýuwulmagyna hem terrorizmiň maliýeleşdirilmegine garşy işler, şol sanda, döwrebap tehnologiýalaryň ulanylmagy we sanly serişdeleriň kömegi arkaly güýçlendirildi.

“Bu biziň milli ulgamymyzyň esasy ugurlarynyň biri boldy” diýen ministr Serdarow meselä prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem uly üns berýändigini sözüne goşdy.

Sergeý Tererukow bolsa, bilelikde baha bermek babatda çäreler geçirmäge we bilermenleriň Türkmenistana gelmeklerine kömek berýändikleri üçin ministre minnetdarlyk bildirdi we bu işleriň üstünlikli boljakdygyna ynam bildirdi.

ÝAT-iň saýtynda duşuşyk barada habar berilmeýär.

ÝAT toparynyň ýurdyň ulgamyna baha bermek üçin Türkmenistana sapary barada 2020-nji ýylyň fewralynda habar berilipdi. Şonda sapar sentiýabra meýilleşdirilipdi. Emma,muňa koronawirus ýokanjy päsgel beripdi.

Bellesek, ÝAT bilermenleriniň Türkmenistana saparyndan birnäçe aý owal hapa pul ýuwulmagyna hem terrorizmiň maliýeleşdirilmegine garşy göreş boýunça döredilen birnäçe toparlar barada ykdysadyýet ministr Muhammetguly Muhammedow hasabat beripdi. Ol 1-nji iýulda ýene bir toparyň döredilendigi babatda hasabat berdi.

30-njy iýulda geçen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ykdysadyýete we maliýete gözegçilik edýän wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow bu ugurdaky işler barasynda hasabat beripdi.

ÝAT 2004-nji ýylda döredildi we oňa 9 döwlet– Belarus, Hindistan, Hytaý, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan, Russiýa we Özbegistan agza.The post Türkmenistana ÝAT-niň topary bardy, olar Türkmenistanyň hapa pul ýuwulmagyna garşy üstünlikli göreşýändigi barada baha berer first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

AÖB Türkmenistan bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär
DUŞANBEDE BILELIKDÄKI TÜRKMEN-TÄJIK TOPARYNYŇ MEJLISI
Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejilere garşy hereket etmek boýunça Ýewraziýa topary Türkmenistana geldi
Türkmenistan KAMAZ we Tatneft taslamalary boýunça Tatarystan bilen haryt dolanyşygyny ýokarlandyrar
Türkmenistanda dolandyryş-çäk gurluşyna üýtgeşmeler giriziler, Aşgabatda halkara nebitgaz forumy geçiriler, Hazara gülgüne flamingolar gyşlamak üçin uçup geldiler
OGT 2022: 2-nji gün — Gaz himiýasy, wodorod ýangyjy we arassa energiýa