TürkmenistanBMG: hyzmatdaşlyga gönükdirilen täze başlangyçlar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan sebit we dünýä derejesinde parahatçylygyň, durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň berkidilmegine öz goşandyny goşýar. Hususan-da, dünýäniň we sebitiň döwletleri bilen ysnyşykly hem-de köptaraply gatnaşyklary ösdürmegiň ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ýörelgesidigini bellemek gerek. Şeýle hem halkara guramalary bilen, esasan hem, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär.

Türkmenistan abraýly halkara, sebit we döwletara hyzmatdaşlyk mehanizmlerine işjeň gatnaşmak bilen, parahatçylyk hem-de ynanyşmak medeniýetiniň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar, deňeçer we jebisleşdiriji halkara gün tertibiniň yzygiderli durmuşa geçirilmegine ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen maksada okgunly we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň strategik ugry esasynda üpjün edilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan BMG-niň belent münberinden öňe süren we öňe sürýän halkara başlangyçlary bilen dünýäde parahatçylygyň hem-de durnukly ösüşiň gazanylmagyna uly goşant goşýar.

Golaýda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisi öz işine başlady.Baş Assambleýanyň 77-nji mejlisiniň başlygy Çaba Kereşi wezipesini tamamlap, 78-nji mejlisiň başlygy Trinidad we Tabago döwletinden Dennis Frensisiň ýolbaşçylygynda täze mejlisiň işine badalga berdi.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisi bir ýyllap dowam eder.Bu döwürde howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, dünýäniň howpsuzlygyny berkitmek, adam hukuklaryny goramak we täze ykdysady mümkinçilikleri döretmek ugrunda köp sanly başlangyçlara we tekliplere garalar.

Azyk meselesini çözmekde Birleşen Milletler Guramasyna goldaw bermek bilen Türkmenistan döwletimiz Bütindünýä azyk maksatnamasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, BMG-niň Çagalar gaznasy, Azyk we oba hojalygy boýunça guramasy bilen hyzmatdaşlykda azyk howpsuzlygy boýunça iri halkara forumy çagyrmagy teklip edýär.

Terrorçylyk bilen baglanyşykly islendik howplara garşy barlyşyksyz göreş alyp barmak babatda halkara jemgyýetçiliginiň başlangyçlaryny goldaýan türkmen döwleti BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek müdirligi bilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň binýadynda Merkezi Aziýa üçin Terrorçylyga garşy göreşmek maksatnamasyny döretmek babatda işleri dowam etdirer.

Energetika howpsuzlygy babatdaky başlangyçlary bilen BMG-ä agza döwletleriň uly goldawyna eýe bolan Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy bilen birnäçe möhüm kararnamalar kabul edildi. Bu ugurdaky işleri dowam etdirmek maksady bilen, 2025-nji ýylda Aşgabatda Durnukly energetika hemmeler üçin atly halkara maslahaty geçirmek göz öňünde tutuldy.

Türkmenistan ulag ulgamyndaky halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge 78-nji sessiýanyň çäklerindäki işiniň ileri tutulýan ugry hökmünde garaýar. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen 26-njy noýabryň Bütindünýä durnukly ulag güni diýlip yglan edilmegi türkmen döwletiniň ulag ulgamynda gazanan diplomatik üstünlikleriniň ýene-de biridir. Ýurdumyzda ulag ulgamynda BMG-niň howandarlygynda birnäçe iri halkara maslahatlary guralýar.

Türkmenistanyň Baş Assambleýanyň 78-nji sessiýasynyň çäklerinde dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekjek möhüm ugurlarynyň ýene biri ekologiýa meselesidir.Bu ugurda ýurdumyz Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkezini döretmek teklibi bilen çykyş edýär. Şeýle hem BMG-niň howandarlygynda 2030-njy ýyla çenli parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça ählumumy Strategiýany işläp taýýarlamaga girişmek teklip edilýär.

Bu ugurdaky anyk ädim hökmünde BMG-niň degişli düzümleriniň hem-de Metan zyňyndylary boýunça halkara obserwatoriýanyň gatnaşmagynda Türkmenistanda halkara maslahaty geçirmek öňe sürülýär.

Ýurdumyz ynsanperwer ugurly gatnaşyklara-da aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda adamlaryň goldawa mätäç toparlaryny: bosgunlary, migrantlary we raýatlygy bolmadyk adamlary goramaga aýratyn üns berler. Türkmenistan raýatsyzlygy azaltmak we öňüni almak boýunça uly ösüş gazandy. 2024-nji ýylda ýurdumyzda bu meselä bagyşlanan sebit maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Medeniýetleriň arasyndaky dialogy ilerletmek hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň halkara gatnaşyklarda köpdürlüligi goldamak boýunça Kararnamalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistan 2024-nji ýylda ÝUNESKO hem-de TÜRKSOÝ bilen bilelikde, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna gabatlap, Türki dilleriň halkara hepdeligini geçirmegi, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň Bütindünýä türki dilleriniň güni atly Kararnamasyny kabul etmek mümkinçiligine seretmegi teklip eder.

Umuman, Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edildi we bu abraýly guramanyň çäklerinde özüniň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlary bilen uly abraýa eýe boldy.

Babageldi ISMAILOW,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Gazy eksport ediji döwletleriň forumy Türkmenistanyň gurama agza bolmagyna gyzyklanma bildirýär
Maşgala baýramlarynyň senenamasy: bu seneleri hökman bellemeli
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Ýörgünli ýazuw guraly
Ilatynyň köp bölegi bir şähere jemlenen ýurtlar