Ýörgünli ýazuw guraly

Häzirki wagtda kompýuterde we smartfonlarda ýazmak üçin mümkinçilikler köpelen hem bolsa, el bilen ýazmagyň ornuny tutup biljek zat ýokdur.Sebäbi çaga ilkinji gezek eline galam alanynda, ylym dünýäsine ilkinji ädimini ädýär.

Aslynda körpeler ilkinji gezek ýazyp başlanlarynda haýsydyr bir zadyň suratyny çekmäge synanyşýarlar. Ýazmaklyk olaryň el hereketleriniň, ukyplarynyň ösmegine hem ýardam edýär.Eýsem, dürli reňkli suratlary çekmäge ýardam edýän galamlar haçandan bäri peýdalanylýarka?!

Galamyň ilkinji nusgasy 1775-nji ýylda fransuz oýlap tapyjysy Nikolýa Žak Konte tarapyndan ýasalýar.Ilkinji galam palçygyň we grafitiň garyndysynyň iki taýajygyň arasynda ýerleşdirilmegi arkaly ýasalypdyr. 1795-nji ýylda bu ugurda patent alandan soňra öz adyny göterýän galam fabriginiň düýbüni tutýar.

Esasan, surat çekmekde ulanylýan we adaty galamlardan has ýogyn bolan bu galamlar Konte diýlip atlandyrylýar we birnäçe ýyllap öndürilýär.Muňa garamazdan, galam barada has irki çeşmelerde hem duş gelmek bolýar. 1565-nji ýylda şweýsar alymy Konrad Gesneriň ýazgylarynda galam barada bellenip geçilýär.

XVI asyryň başlarynda grafitiň özi dürli zatlary bellik etmek üçin peýdalanylypdyr.Ilkinji galamlar bu maddanyň üwelip, içi oýulan tagtanyň içine ýerleşdirilmegi bilen has kämilleşipdir.Onuň içine başga maddalaryň goşulmagy bilen ýazmak üçin peýdalanylýan bu gurallar ulanmaga has amatly bolupdyr.

Galamy kämilleşdirmek üçin dürli ýerlerde dürli işler ýerine ýetirilipdir.Mysal üçin, Trinidad we Tobagoda ýaşaýan Simonio we Lindiana Bernaçotti atly neçjarlar öz ýasaýan önümleriniň agaç böleklerine bellik etmek üçin häzirkilere meňzeş, arça agajyndan ýasalan galamlardan peýdalanypdyr.Häzirki wagtda, adatça galamlaryň daşy agaçdan ýasalyp, az mukdarda hem bolsa, plastmassa we beýleki materillardan hem taýýarlanýar.

Yzy bozguçly galam 1858-nji ýylda amerikaly Haýmen Limpman tarapyndan ýasalýar.Häzirki wagtda galamlar grafit, toýun we beýleki zatlar goşulyp, oýulan agaç bölejikleriniň arasyna ýerleşdirilmegi bilen taýýarlanýar.

Ýene degişli makalalar

Gazy eksport ediji döwletleriň forumy Türkmenistanyň gurama agza bolmagyna gyzyklanma bildirýär
Dünýä çempionaty tamamlandy
Ilatynyň köp bölegi bir şähere jemlenen ýurtlar
30 ýurtda 55 topara tälim berdi
ABŞ-da ýokarlanýan inflýasiýa sebäpli altynyň bahasy galýar