Dünýä çempionaty tamamlandy

* Çempionatyň 2-nji gününde 100 metr ylgawda ýekelikdäki iň soňky ýaryşynda bürünç medal alyp, hemmäni gynandyran Usain Bolt üçin toparlaýyn 4×100 estafeta ýaryşy-da şowsuz tamamlandy.

Soňky 100 metri ylgan Bolt şikes alyp, pellehana-da ýetip bilmedi.* 200 metre ylgamakda erkekleriň arasynda türkiýeli Ramil Gulyýew garaşylmadyk ýagdaýda altyn medalyň eýesi boldy.Täze Usain Bolt diýlip görkezilýän Günorta afrikaly Waýde wan Nikerik 2-nji ýeri eýeledi.

Bu ugurda zenanlardan gollandiýaly Dafne Skippers hemmeden öňürti pellehanadan geçmegi başardy. 100 metrde bolşy ýaly Kot-d’iwuarly Marie-Žosi Ta Lau 2-nji orny eýeledi.* Soňky gezek Dünýä çempionatyna gatnaşan Mo Farah 10000 metr ylgawda altyn medal alanam bolsa, oňa 5000 metrde şol üstünligini gaýtalamak başartmady. 11 ýyldan soň, ilkinji ýola kümüş medal alan Mo Farah efiopiýaly Muktar Edrisden yza galdy.* 50 kilometr ýöriş bäsleşiginde 39 ýaşyndaky fransuz türgeni Ýohan Diniz ýeňiji boldy.

Ol Dünýä çempionatlarynda çempion bolan iň ýaşuly ýeňil atletikaçy adyny eýeledi.Diniz çempionatyň rekordyny täzeledi.Bu ugurda zenanlaryň arasynda-da ilkinji gezek ýaryş geçirilip, portugaliýaly Inýes Henrikes dünýä rekordy bilen çempionlyga mynasyp boldy.* Zenanlaryň arasyndaky päsgelçilikli 100 metr ylgawda London2012 Olimpiadasynyň ýeňijisi, awstraliýaly Salli Pirson 6 ýyldan soň, ýene-de Dünýä çempionlygyny gazandy.

Ol 2011-nji ýylda-da çempion bolupdy.* Beýikligine bökmekde erkekleriň arasynda katarly Mutaz Essa Barşim altyn, Garaşsyz ýeňil atletikaçylardan russiýaly Daniýl Lisenko kümüş, siriýaly Majededdin Gazal bürünç medaly eýeledi.

Zenanlaryň arasynda russiýaly Mariýa Liseskene (Kuçina) bassyr 2-nji altyn medalyny aldy.Bu ugurda 2-nji ýere ukrainaly ýaş ýeňil atletikaçy Ýuliýa Lewçenko mynasyp boldy.* Zenanlaryň arasyndaky 4×100 we 4×400 metr estafeta ýaryşlarynyň 2-sinde-de amerikaly türgenler ýeňiş gazandy.

Erkeklerde 4×100 metrde ýer eýesi Beýik Britaniýa 4×400 metrde-de Trinidad we Tobago çempion boldy.

Ýene degişli makalalar

Ýeňil atletika boýunça Dünýä çempionatynda tamamlanan ýaryşlaryň ýeňijileri:
Ylgamakda rekord goýdy
Türkmen senetçilerine önümleriniň dünýä bazarlaryna çykarylmagyna mümkinçilik döredilýär
“Merkezi Aziýa ABŞ” sammitiniň bilelikdäki beýanaty
USAID türkmen hünärmenlerine innowasiýalary öwrenmekde goldaw berýär
USAID Türkmenistanyň pomidor ýyladyşhanalaryna maslahatlary hödürleýär