Türkmenistan 13-nji Merkezi Aziýa Söwda forumyna gatnaşýar

Türkmenistan 13-nji Merkezi Aziýa Söwda forumyna gatnaşýar

Şu gün Gazagystanyň Almaty şäherinde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentligi (USAID) tarapyndan guralýan 13-nji Merkezi Aziýa Söwda forumy öz işine başlady. Söwda integrasiýasy: global derejä çykmak temasy boýunça geçirilýän iki günlük foruma türkmen wekiliýeti hem gatnaşýar.

ABŞ-nyň Gazagystandaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, Almatydaky forum täze söwda mümkinçiliklerini we daşary bazarlary açmaga gönükdirilendir, şonuň netijesinde, oňa gatnaşyjylar geljegi kesgitläp sebit söwdasynyň gerimini giňeldip bilerler.

Bu çäre gümrük ulgamyny sanlaşdyrmak, ulag-logistika, söwdany kadalaşdyrmak (sebit söwda şertnamalaryny hem öz içine almak bilen), şeýle hem Bütindünýä Söwda Guramasynyň standartlary boýunça sapaklary öz içine alar.

Şol bir wagtyň özünde forum bilen ugurdaş söwda sergisi hem geçiriler. Oňa Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandandan 40 sany kompaniýa gatnaşyp, olar özleriniň oba hojalyk, dokma, egin-eşik we azyk önümlerini görkezilişe çykararlar. Şeýle hem forumyň çäginde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň harytlaryny dünýäniň beýleki sebitlerindäki ýurtlara eksport etmek boýunça gepleşikler üçin niýetlenen platforma (Business Expo) hem göz öňünde tutulandyr.

15-nji maýda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Söwdany ýeňilleşdirmek boýunça milli komitetleriniň 11-nji sebitleýin ýygnagy geçiriler. Oňa sebitdäki bäş ýurduň gümrük, ulag, fitosanitar we weterinariýa gözegçiligi üçin jogapkär ýerine ýetiriji guramalary, şeýle hem hususy pudagyň wekilleri gatnaşarlar.

Bu çäräniň esasy maksady Merkezi Aziýa üçin sebit başlangyçlaryny we Ýol kartalaryny hödürlemekden, sebitdäki söwda amallaryny gowulandyrmak üçin bilelikdäki hereket meýilnamasyny düzmekden ybaratdyr.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň IT-kompaniýalary ýylyň başyndan bäri 95 müň işgäri boşatdy
MiniBoss we BigBoss Business School ýaş telekeçileriň işewürlik taslamalaryny maliýeleşdirmäge taýyn maýadarlary çagyrýar
Iş Nokady kompaniýasy Türkmenabatda işewürlik maslahatyny geçirer we öz iş ugry bilen tanyşdyrar
Baý kaka, garyp kaka kitabynyň awtory hümmetsizlenmeden goranmagyň usullaryny salgy berdi
Pakistanda TOPH boýunça gepleşikler geçirilýär
MiniBoss Business School VR-School taslamasynyň tanyşdyrylyşy bilen tanyşmaga çagyrýar