MiniBoss Business School VR-School taslamasynyň tanyşdyrylyşy bilen tanyşmaga çagyrýar

MiniBoss Business School VR-School taslamasynyň tanyşdyrylyşy bilen tanyşmaga çagyrýar

Iş Nokady kompaniýasy we MiniBoss Business School Halkara işewürlik-mekdebi çagalary we olaryň ene-atalaryny VR-School taslamasyna bagyşlanan Açyk gapylar güne çagyrýar.

VR-School taslamasy (ýa-da wirtual hakykylyk mekdebi) mekdep maksatnamasynyň himiýa, biologiýa, fizika, astronomiýa, şeýle hem ýaşaýyş-durmuş esaslary ýaly derslerini öwretmekde düýpgöter täzeçe çemeleşme. VR-äýneginiň ulanylmagy wizual mazmuny has gowy özleşdirmäge, synpdan çykman gyzykly gezelenç etmäge we okuw prosesine doly aralaşmaga mümkinçilik berýär.

MiniBoss Business School mekdebinde okuwçylar hususy taslamalaryny döredýärler, olary ýurduň içindäki başlangyç taslamalaryň forumynda, şeýle hem dürli ýurtlaryň wekilleriniň arasynda geçirilýän milli çempionatda tanyşdyrýarlar we VR-School hem olaryň döreden taslamalarynyň biridir.

Okuwyň çäklerinde çagalar VR-äýneginiň kömegi bilen synagdan geçýärler we meseleleri çözýärler, şeýlelikde, logiki pikirlenmek hem-de toparlaýyn işlemek endiklerini ösdürýärler.

Çäre 27-nji maýda sagat 14:00-da Berkarar işewürlik merkezinde, Iş Nokady kompaniýasynyň ofisiniň 1-nji gatynda geçiriler.

10 ýaşdan uly çagalar çagyrylýar. Gatnaşmak üçin töleg: 50 manat.

Salgy ýa-da (+993 12) 46 81 65 telefon belgisi arkaly öňünden hasaba alynmak zerurdyr.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň IT-kompaniýalary ýylyň başyndan bäri 95 müň işgäri boşatdy
MiniBoss we BigBoss Business School ýaş telekeçileriň işewürlik taslamalaryny maliýeleşdirmäge taýyn maýadarlary çagyrýar
Iş Nokady kompaniýasy Türkmenabatda işewürlik maslahatyny geçirer we öz iş ugry bilen tanyşdyrar
Baý kaka, garyp kaka kitabynyň awtory hümmetsizlenmeden goranmagyň usullaryny salgy berdi
Pakistanda TOPH boýunça gepleşikler geçirilýär
BAE-niň Premýer-ministriniň gyzy durmuşa çykdy