Baý kaka, garyp kaka kitabynyň awtory hümmetsizlenmeden goranmagyň usullaryny salgy berdi

Baý kaka, garyp kaka kitabynyň awtory hümmetsizlenmeden goranmagyň usullaryny salgy berdi

Maýa goýumçylar dünýäde hümmetsizlenmäniň ýokarlanmagy hem-de banklaryň birgideniniň batmagy bilen baglylykda, kesgitli hususy serişdelere maýa goýmalydyrlar. Şeýle edilende, hümmetsizlenme o diýen howply bolmaz, bu barada Baý kaka, garyp kaka kitabynyň awtory Robert Kiýosaki aýtdy diýip, Business Insider neşirine salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

Kapitaly goramak üçin anyk bar bolan aktiwler çykyş edip biler. Maýa goýumçylara altyn, gozgalmaýan emläkleri, benzin we azyk harytlaryny satyn almak gerek diýip, Kiýosaki nygtady.

Onuň sözlerine görä, altyn hümmetsizlenmeden esasy çykalga bolup durýar, sebäbi kagyz pul hakyky zibil diýip, maliýeçi hasaplaýar. Gozgalmaýan emläge maýa goýulmagy-da nyrhlaryň gymmatlamagyndan halas edip biler. Benzin bolsa ykdysadyýetiň jahankeşdelik ýaly pudagy üçin örän wajypdyr. Şonuň üçin bu haryt aktiwi hemişe durnukly derejede saklanar.

Galyberse-de, azyk harytlary ykdysadyýet üçin möhüm bolup durýar, şonuň üçin bu pudaga maýa goýmak gerek.

Kiýosaki özüniň hümmetsizlenmä garşy däl-de, onuň bilen bilelikde maýa goýýandygyny gürrüň berdi, sebäbi ýokarda sanalan hususy serişdeler hem hümmetsizlenme bilen deň ösýär.

Ýene degişli makalalar

Gürjüstanyň “Black Sea Petroleum” zawody türkmen nebitini gaýtadan işlär
Dünýäniň IT-kompaniýalary ýylyň başyndan bäri 95 müň işgäri boşatdy
MiniBoss we BigBoss Business School ýaş telekeçileriň işewürlik taslamalaryny maliýeleşdirmäge taýyn maýadarlary çagyrýar
Iş Nokady kompaniýasy Türkmenabatda işewürlik maslahatyny geçirer we öz iş ugry bilen tanyşdyrar
Pakistanda TOPH boýunça gepleşikler geçirilýär
MiniBoss Business School VR-School taslamasynyň tanyşdyrylyşy bilen tanyşmaga çagyrýar