MiniBoss we BigBoss Business School ýaş telekeçileriň işewürlik taslamalaryny maliýeleşdirmäge taýyn maýadarlary çagyrýar

MiniBoss we BigBoss Business School ýaş telekeçileriň işewürlik taslamalaryny maliýeleşdirmäge taýyn maýadarlary çagyrýar

MiniBoss we BigBoss Business School taslamalary Türkmenistanda işewürlik-perişdeleri ýa-da garaşsyz maýadarlary ýaş telekeçileriň nobatdaky Başlangyç taslamalaryň Forumy 2023-iň ýeňijileriniň başlangyç taslamalaryny maliýeleşdirmäge çagyrýar, bu forumda MiniBoss we BigBoss Business School mekdebiniň okuwçylary öz telekeçilik taslamalaryny emin agzalaryna hödürlärler.

Maýadarlaryň gatnaşmagy netijesinde işewürlik pikirleri durmuşa geçiriljek Başlangyç taslamalaryň Forumy 2023-iň ýeňijileri her ýylda geçirilýän telekeçilik boýunça milli we Halkara çempionatynda öz taslamalaryny hödürlemäge mümkinçilik alarlar.

Ýaş telekeçileriň taslamalaryna maddy taýdan maýa goýmaga taýyn maýadarlar, 2023-nji ýyldaky Başlangyç taslamalaryň forumynda emin agzalary bolup bilerler hem-de hödürlenen taslamalaryň her biri we olaryň awtorlary bilen içgin tanşyp bilerler.

MiniBoss we BigBoss Business School mekdebindäki başlangyç taslamalaryň forumy bu halkara bilim ulgamynda okatmagyň hökmany bölegidir. MiniBoss we BigBoss Business School mekdebiniň okuwçylary ykdysadyýetiň we telekeçiligiň esaslaryny, diwergent we saýlaw pikirlenişiň esaslary, taslama menejmentini öwrenýärler, şondan soňra bolsa öz telekeçilik we jemgyýetçilik taslamalaryny taýýarlaýarlar hem-de olary Başlangyç taslamalaryň forumynda emin agzalaryna hödürleýärler.

Işewürlik perişdesi bolmak we Başlangyç taslamalaryň Forumy 2023-iň emin agzalarynyň düzümine goşulmak üçin şu salgyda ýerleşdirilen ýörite arzany doldurmaly ýa-da (+993 12) 46 81 65 telefon belgisi arkaly öňünden ýazylmaly.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

MiniBoss we BigBoss başlangyç telekeçileriň taslamalaryny goldamaga taýýar maýadarlary çagyrýar
Iş Nokady kompaniýasy Türkmenabatda işewürlik maslahatyny geçirer we öz iş ugry bilen tanyşdyrar
Iş Nokady HJ dört ugur boýunça okuwlara kabul edişligi açýar
Merkezi Aziýanyň we ABŞ-nyň telekeçileri hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşarlar
Dubaýda ýylda 260 million ýolagça hyzmat edýän howa menzili gurlar
Eýranyň Saderat banky türkmen telekeçilerine akreditiw berer