MiniBoss we BigBoss başlangyç telekeçileriň taslamalaryny goldamaga taýýar maýadarlary çagyrýar

MiniBoss we BigBoss başlangyç telekeçileriň taslamalaryny goldamaga taýýar maýadarlary çagyrýar

MiniBoss Business School hem-de BigBoss Business School okuw merkezleriniň guramagynda her ýylda geçirilýän Startaplar forumynyň öňüsyrasynda Iş Nokady kompaniýasy işewürlik maýadarlaryny ýaş telekeçileriň startap-taslamalaryny maliýeleşdirmekde goldaw bermäge çagyrýar.

Startaplaryň forumy — bu diňe bir adaty çäre bolman, eýsem halkara bilim ulgamynyň çäginde ýaş telekeçileri taýýarlamagyň möhüm bölegidir. MiniBoss we BigBoss Business School topary çagalara öz işewürlik ideýalaryny durmuşa geçirmäge kömek etmek üçin irginsiz tagallalary edýär.

MiniBoss we BigBoss Business School işewürlik mekdebinde okuwlar nazary bilimleriň çygryndan hem has ýokary derejede alnyp barylýar. Uzak wagtyň dowamynda ýaş telekeçiler dürli hili we saýlama pikirlenmek, taslamany dolandyrmak dünýäsine çuňňur aralaşýarlar. Okuwyň ikinji semestri olaryň öz telekeçilik we jemgyýetçilik taslamalaryny işläp taýýarlamaklary bilen döredijilikli döwre öwrülýär.

Işewürlige goldaw bermek isleýän maýadar — ýaş telekeçiniň taslamasyna şahsy maliýe serişdelerini goýmaga taýýar bolan garaşsyz maýa goýujydyr. Tejribeli telekeçiler startaplaryň forumynyň emin agzalaryna bolup, bu ýerde taslamalaryň awtorlary bilen duşuşarlar.

Ýaş telekeçileriň işewürliginiň maýadary bolmak hem-de 2024-nji ýylyň startaplar forumynda emin agzalaryň hataryna goşulmak üçin şu salgylanma arkaly anketany doldurmalydyr.

Ýene degişli makalalar

Iş Nokady kompaniýasy Türkmenabatda işewürlik maslahatyny geçirer we öz iş ugry bilen tanyşdyrar
Iş Nokady HJ dört ugur boýunça okuwlara kabul edişligi açýar
MiniBoss we BigBoss Business School ýaş telekeçileriň işewürlik taslamalaryny maliýeleşdirmäge taýyn maýadarlary çagyrýar
Türkmenistan 13-nji Merkezi Aziýa Söwda forumyna gatnaşýar
City Business School üstünlikli satuwyň guraly hökmünde karz mowzugyna bagyşlanan işewürlik ertirligine çagyrýar
Türkmenistanyň ilçisi bilen Hytaý ulag-logistika işewürleriniň arasynda iş duşuşygy geçirildi