30 ýurtda 55 topara tälim berdi

Germaniýaly futbol hünärmeni, rowaýaty tälimçi Rudi Gutendorf 77 ýyllyk tälimçilik karýerasynda 5 yklymda, 30 ýurtda 55 topara (milli ýygyndy, klub) tälim berýär. Ol bu ugurda Ginnesiň rekordlar kitabyna adyny ýazdyrmagy başarýar.

Gutendorf 1926-njy ýylyň 30-njy awgustynda Germaniýanyň Koblens şäherinde dünýä inýär.Ol 19441953-nji ýyllar aralygynda özüniň doglan şäheriniň şol wagtky ady “Noýndorf” bolan toparynyň köýnekçesini geýýär.

Häzirki wagtda bu klubuň ady “Koblens” bolup, ol Germaniýanyň 5-nji ligasyna wekilçilik edýär.Gutendorf sag gyraky hüjümçi hökmünde 90 töweregi oýunda meýdança çykýar.Ol futbolçylyk döwründe-de “Rengsdorf”, “RotWeiss Koblens”, “Lutsel”, “Braubah” we “Noýndorf” ýaly birnäçe professional däl kluba hem tälim berýär.

Futboly taşlan dessine nemes tälimçileriniň ägirtlerinden Sepp Herbergerden tälimçilik diplomyny alyp, professional derejede tälimçilige gadam basýar.Gutendorfyň tälimçilik eden ilkinji topary Şweýsariýanyň “Blue Stars Sürih” kluby bolup (1955), ol soňra 1955-nji ýyldan 1961-nji ýyla çenli Şweýsariýanyň belli klublaryndan “Luserne” tälim berýär.

Tälimçilik karýerasy boýunça wagtal-wagtal “Bundesliga” dolanyp, dürli ýyllarda “Şalke”, “Ştutgart”, “Fortuna Köln”, “Hamburg”, “Duisburg” ýaly klublarda işleýär.Ol 1968-nji ýylda gysga möhletlik Bermudanyň ýygyndysyna tälim berýär.

Bu onuň ýygyndy toparlardaky ilkinji synanyşygy bolýar. 19721974-nji ýyllar aralygynda ilki Çiliniň, soňra Boliwiýanyň we Wenesuelanyň milli ýygyndylarynda tälimçi hökmünde işleýär. Çiliden ýurtda bolup geçen syýasy wakalar sebäpli soňky pursat çykmaly bolýar.

Gysga wagtlyk ýene-de Ýewropa dolananyndan soň, bu gezek Karibler sebitine aralaşýar. 1976-njy ýylda degişlilikde, Trinidad we Tobagonyň, Grenadanyň, Antigua we Barbudanyň milli ýygyndylarynyň tälimçisi bolýar we şol ýyl başga bir yklyma Afrika yklymyna, Botswananyň ýygyndysyna gaýdýar.

Soňra ýurdunda gysga wagtlyk “Tennis Borussiýa Berlin” we “Hamburg” klublarynda işläninden soň, ýene-de milli ýygyndylara tälim berip başlaýar. 2 ýyllap Awstraliýanyň tälimçisi bolanyndan soň, Täze Kaledoniýa, Nepal, Tonga, Tanzaniýa, Fiji hem-de San-Tome we Prinsipi döwletleriniň ýygyndylarynda gysga möhletlik işleýär. 1984-nji ýylda Ýaponiýanyň çempionatyna aralaşan Gutendorf bu döwletdäki ilkinji daşary ýurtly tälimçi bolýar. “Ýomuiri” toparyna “J-Liganyň” çempionlygyny gazandyrýar.

Täzeden milli toparlara dolanan Gutendorf Gananyň, ýene-de Nepaldyr Fijiniň, Hytaýyň ýygyndylarynda işleýär.Soňra Eýranyň hem-de Hytaýyň Olimpiýa ýygyndylaryna tälim berýär.Ol žurnalistleriň biriniň näme üçin has güýçli klublaryň ýa-da ýygyndylaryň tälimçisi bolmadyňyz diýen sowalyna: “Meniň tälimçi bolan ýurtlarymda adamlar mylaýym, birek-birege juda mähirli.

Olaryň durmuşa garaýşy başgaça. Şeýle-de şol ýurtlaryň howasy diýseň jana şypaly” diýip jogap berýär.Karýerasynyň ahyrynda Mawrikiniň, Zimbabweniň, Ruandanyň milli ýygyndylarynyň tälimçisi bolýar.Onuň iň soňky tälim beren topary bolsa, Samoanyň Olimpiýa ýygyndysydyr (2003).

Rudi Gutendorf 1997-nji ýylda Germaniýanyň Döwlet nyşany bilen sylaglanan Gutendorf özi, gezen ýerleri, tälimçilik eden toparlary barada “Futbol bilen dünýä gezelenç” atly ýatlama kitabyny hem ýazýar.

Ussat tälimçi şu ýylyň 13-nji sentýabrynda 93 ýaşynda aradan çykýar.Mahlasy, Gutendorf Germaniýa, Şweýsariýa, Tunis, Peru, Boliwiýa, ABŞ, Ispaniýa, Tanzaniýa, Ýaponiýa ýaly döwletlerde birnäçe kluba, şeýle-de Bermudanyň, Çiliniň, Boliwiýanyň, Wenesuelanyň, Trinidad we Tobagonyň, Grenadanyň, Antigua we Barbudanyň, Botswananyň, Awstraliýanyň, Filippinleriň, Täze Kaledoniýanyň, Nepalyň, Tonganyň, Tanzaniýanyň, San-Tome we Prinsipiniň, Gananyň, Fijiniň, Eýranyň, Hytaýyň, Mawrikiniň, Zimbabweniň, Ruandanyň, Samoanyň dürli ýaşdaky ýygyndylaryna tälim berýär.

Ýene degişli makalalar

ABŞ Türkmenistandaky täze ilçisini tassyklamak baradaky meselä sereder
Braziliýa 3-nji gezek çempion bolan ilkinji ýygyndy (Dünýä Kubogy 1970)
Maradonanyň eli we ikinji çempionlyk (Dünýä Kubogy 1986)
Yzly-yzyna 3-nji finaldan soň, 3-nji çempionlyk
“Ýewropadaky missiýam tamamlandy”
Ronaldo arap klubundaky ilkinji duşuşygyny Messiniň garşysyna geçirer