Türkmenistanda 48 sany döwlet emlägi hususylaşdyrylar

Türkmenistanda 48 sany döwlet emlägi hususylaşdyrylar

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi 48 sany döwlet emlägini hususylaşdyrmak boýunça bäsleşikli söwdalaryny geçirer diýip, Neýtralnyý Turkmenistan gazetinde habar berilýär.

Söwdalarda hususy we ýuridik şahslara Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrliginiň, Suw serişdeleri boýunça döwlet komitetiniň, Türkmenawtoulaglary Agentliginiň, Aşgabat şäheriniň, Daşoguz, Lebap, Mary we Balkan welaýatlarynyň häkimlikleriniň, Türkmenbaşy bankynyň, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň, Türkmenhaly döwlet birleşiginiň we Türkmenhimiýa döwlet konserniniň kärhanalary we desgalary satylar.

Söwdalar 20-nji sentýabrda döwlet emlägini satmak boýunça sanly platformada we bu platformanyň mobil goşundysy arkaly geçiriler.

Oňa Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň raýatlaryna, şeýle hem Türkmenistanyň we beýleki ýurtlaryň döwlete dahylsyz edaralaryna gatnaşmaga rugsat berdi

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda iň gowy awtoulag sürüjileri yglan edildi
Teri Hakala sebit hyzmatdaşlygynyň geljegi barada: ÝB-niň we Türkmenistanyň gazananlary
IIHF guramasy Türkmenistanyň ýaş hokkeý toparlaryny sport esbaplary bilen üpjün etdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýokary okuw mekdeplerine zehinli, mynasyp ýaşlary kabul etmegi esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitledi
Azerbaýjan we Türkmenistan mata böleklerinden gurama guramak sungatyny ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürleýär
Türkmen-türk söwda dolanyşygy 1,5 milliard dollardan geçdi
Türkmenistanda täze wagon abatlaýyş zawodyny gurmak meýilleşdirilýär