Türkmenistanda 7 etrap ýatyryldy

Türkmenistanda 7 etrap ýatyryldy

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygynyň gol çeken Karary bilen ýurtda ozal bar bolan etraplaryň birnäçesi ýatyryldy.

Karara laýyklykda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Kenar etrabyny ýatyryldy. Daşoguz welaýatynyň Gubadag etraby hem ýatyrylyp, onuň dolandyryş çäginiň ýerleri hem-de dolandyryş-çäk birlikleri Boldumsaz etrabynyň düzümine geçirildi. Şeýle hem demirgazyk sebitde Gurbansoltan eje adyndaky etraby ýatyrylyp, onuň dolandyryş çäginiň ýerleri hem-de dolandyryş-çäk birlikleri Akdepe etrabynyň düzümine geçirildi.

Lebap welaýatynda Farap etraby ýatyrylyp, onuň dolandyryş çäginiň ýerleri hem-de dolandyryş-çäk birlikleri Çärjew etrabynyň düzümine geçirildi. Şeýle hem welaýatyň Döwletli etraby ýatyrylyp, onuň 220776 ga ýerleri we Döwletli şäherçesi hem-de bu şäherçäniň dolandyryş tabynlygyndaky Aşgabat obasy, Berkararlyk, Hojahaýran, Miras, Pagtaçy, Tallymerjen, Täzedurmuş geňeşlikleri Hojambaz etrabynyň; 183540 ga ýerleri we Dostluk şäherini, Amyderýa, Kerkiçi şäherçelerini, Burguçy, Daşrabat, Serdar, Türkmenistan, Ýalkym geňeşlikleri Köýtendag etrabynyň düzümine geçirildi.

Mary welaýatynda Serhetabat etraby ýatyrylyp, onuň dolandyryş çäginiň ýerleri hem-de dolandyryş-çäk birlikleri Tagtabazar etrabynyň düzümine geçirildi. Şeýle hem welaýatyň Oguzhan etraby ýatyrylyp, onuň 39127 ga ýerleri we Deňizhan, Oguzhan şäherçelerini, Deňizhan, Dostluk geňeşlikleri Murgap etrabynyň; 165266 ga ýerleri we Şatlyk şäheri, Döwletli zaman, Parahat şäherçeleri, Altyn zaman, Aýhan, Daghan, Gökhan, Günhan, Merdana, Ýyldyzhan geňeşlikleri Sakarçäge etrabynyň düzümine geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda welaýatlar boýunça teklip edilýän dolandyryş-çäk özgertmeleri
Täze çäkler: Türkmenistanda haýsy etraplar ýatyrylýar, haýsy ilatly sebitleriň atlary üýtgedilýär?
Lebap welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşyna giriziljek üýtgeşmeler
Çolarýan obalar halkyň 'parahatçylykly protesti' bolup görünýär
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany