Lebap welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşyna giriziljek üýtgeşmeler

Lebap welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşyna giriziljek üýtgeşmeler

TmCars.info-nyň habar berşi ýaly, 22-nji oktýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň döwlet dolandyryş ulgamyny has-da kämilleşdirmek, welaýatlaryň etraplarynyň, şäherleriniň we obalarynyň dolandyryş-çäk birliklerine gaýtadan seretmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirildi.

Mejlisiň barşynda Lebap welaýatynyň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmegiň çäklerinde geçirilen işleriň netijesinde şu aşakdaky teklipler öňe sürüldi.

Döwletli, Farap etraplaryny ýatyryp, Döwletli etrabynyň Döwletli şäherçesini we onuň dolandyryş tabynlygyndaky Aşgabat obasyny hem-de Hojahaýran, Miras, Täzedurmuş, Berkararlyk, Pagtaçy, Tallymerjen geňeşliklerini Hojambaz etrabynyň düzümine geçirmek; Döwletli etrabynyň Dostluk şäherini, Amyderýa, Kerkiçi şäherçelerini, Daşrabat, Burguçy, Ýalkym, Türkmenistan, Serdar geňeşliklerini Köýtendag etrabynyň düzümine geçirmek; Farap etrabynyň dolandyryş çäginiň ýerlerini hem-de dolandyryş-çäk birliklerini Çärjew etrabynyň düzümine geçirmek; Halaç etrabynyň Garabekewül şäherini, Yslam şäherçesini we onuň dolandyryş tabynlygyndaky Gumakly, Soltanjeňňel obalaryny hem-de Soltanýazgala, Dostluk, Seýdi, Lamma, Akgala, Rahmançäge, Ärsarybaba, Baý, Zelili adyndaky geňeşliklerini Saýat etrabyna geçirmek teklip edilýär. Şeýle hem, iri dolandyryş-çäk birliklerini döretmek, Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa geçirmek hem-de durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm görkezijileriniň biri bolan şäherleşme derejesini we Geňeşleriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Çärjew etrabynyň Talhanbazar geňeşligini ýatyryp, onuň Pagtaçy obasyny Hojaili geňeşliginiň düzümine geçirmek; Döwletli etrabynyň Miras geňeşligini ýatyryp, onuň Miras we Garagum obalaryny Döwletli şäherçesiniň dolandyryş tabynlygyna geçirmek; Serdar geňeşligini ýatyryp, onuň Serdar we Dostluk obalaryny Türkmenistan geňeşliginiň düzümine geçirmek; Halaç etrabynyň Jeýhun geňeşligini ýatyryp, onuň Jeýhun obasyny Halaç geňeşliginiň düzümine geçirmek; Hojambaz etrabynyň Garaşsyzlyk geňeşligini ýatyryp, onuň Gülüstan obasyny Kyrköýli geňeşliginiň düzümine geçirmek; Köýtendag etrabynyň Ýürekdepe geňeşligini ýatyryp, onuň Ýürekdepe we Aýrybaba obalaryny Çärjew geňeşliginiň düzümine geçirmek; Saýat etrabynyň Çarbagdepe, Gyzylýarymaý geňeşliklerini ýatyryp, olaryň Miweçiler we Gyzylýarymaý obalaryny Tejribeçiler geňeşliginiň düzümine geçirmek hem-de Tejribeçiler geňeşliginiň adyny üýtgedip, oňa Çarbagdepe adyny dakmak; Çärjew etrabynda ýörite ýer gaznanyň çäginde dörän täze ilatly ýere oba derejesini bermek we oňa Dostluk adyny dakmak hem-de ol obany Hojaili geňeşliginiň düzümine geçirmek teklip edilýär. Şeýlelikde, Lebap welaýatynyň çäginde Çärjew, Darganata, Dänew, Halaç, Hojambaz, Kerki, Köýtendag, Saýat etraplaryny, etrap hukukly şäherleriň 1-ni, 14 etrapdaky şäheri, 24 şäherçäni, 97 sany geňeşligi we 430 sany obany galdyrmak kararyna gelindi.

Farap etrabynyň Çärjew etrabyna, Döwletli etrabynyň bolsa Hojambaz we Köýtendag etraplaryna birikdirilmegi ykdysady taýdan has kuwwatly etraplaryň döremegine getirer.Bu etrapda iri senagat maksatly kärhanalaryň bolmagy netijesinde birikdirilmegi bilen döreýän täze etrabyň ykdysady mümkinçilikleri has-da artar, azyk önümleri bilen üpjünçilik ýokarlanar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda welaýatlar boýunça teklip edilýän dolandyryş-çäk özgertmeleri
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Täze çäkler: Türkmenistanda haýsy etraplar ýatyrylýar, haýsy ilatly sebitleriň atlary üýtgedilýär?
Türkmenistanda 7 etrap ýatyryldy
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany