Türkmenistanda alymlyk derejelerine dalaşgärlige 80 adam hasaba alnar

Türkmenistanda alymlyk derejelerine dalaşgärlige 80 adam hasaba alnar

Şu ýylda Türkmenistanda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura 30 adam kabul ediler hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige 80 adam hasaba alnar. Bu barada Türkmenistan gazetiniň şu günki sanynda çap edilen söhbetdeşlikde aýdylýar.

Doktorantura 1 adam, ylymlaryň doktory alymlyk derejesine dalaşgärlige 10 adam hasaba alnar.Bu babatda geçen ýyldaky jemi görkeziji 117 adam bolan bolsa, bu ýyl 121-e ýetirildi.Olaryň ylym ugurlarynyň hatarynda fizika-matematika, himiýa, biologiýa, tehniki, oba hojalyk ylymlary, taryh ylymlary we arheologiýa, ykdysady, filologiýa, hukuk, pedagogika, lukmançylyk, psihologiýa, harby ylymlar, milli howpsuzlyk, sosiologiýa, medeniýeti öwreniş ylymlary, şeýle-de ýer baradaky ylymlar bar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl aspirantura, doktorantura kabul etmek we alymlyk derejelerine dalaşgärlige hasaba almak jemi 76 hünär boýunça yglan edilip, olaryň 5-si täze hünärlerdir.

Türkmenistan boýunça hereket edýän aspiranturalarda jemi 191 hünär boýunça ýokary hünär derejeli ylmy işgärler taýýarlanylýar, doktoranturalarda jemi 89 hünär hereket edýär diýlip, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň aspirantura bölüminiň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Gülälek Annanepesowa taýýarlanan söhbetdeşlikde bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde aspiranturada we doktoranturada täze hünärler açyldy
Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy diýen adyny dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
'Unudylan' Gazawat urşy 150 'ýaşady'
Magtymguly Pyragynyň şygyrlary jöwher paýhasyň miwesi
Sanly bilim ösüşleriň mizemez binýady