Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde aspiranturada we doktoranturada täze hünärler açyldy

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde aspiranturada we doktoranturada täze hünärler açyldy

Türkmenistanda aspiranturada we doktoranturada täze hünärler açyldy. Bu barada Türkmenistan gazetiniň şu günki sanynda çap edilen söhbetdeşlikde aýdylýar.

Aspiranturany, adýunkturany hem-de doktoranturany açmagyň we olaryň işiniň Tertibine laýyklykda, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň doktoranturasyna 01.04.01 — Eksperimental fizikanyň enjamlary we usullary, 03.01.02 — Biofizika hünärleri, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň aspiranturasyna 05.23.17 — Gurluşyk mehanikasy hünäri, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň aspiranturasyna 14.03.01 — Adam anatomiýasy hünäri we doktoranturasyna 14.01.23 — Urologiýa we andrologiýa hünäri, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň aspiranturasyna 03.02.01 — Botanika hünäri, şeýle-de Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň aspiranturasyna 05.08.05 — Gämileriň energetiki desgalary we olaryň bölekleri (esasy we kömekçi) hünäri girizildi.

Aspirantlaryň, doktorantlaryň we alymlyk derejelerine dalaşgärleriň dissertasiýalaryndan gelip çykýan ylmy netijeler Türkmenistanda hem-de daşary ýurt ylmy žurnallarynda yzygiderli neşir edilýär.Bu barada Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň aspirantura bölüminiň müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Gülälek Annanepesowa taýýarlanan söhbetdeşlikde bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanda alymlyk derejelerine dalaşgärlige 80 adam hasaba alnar
Berdimuhamedow maliýeçilere käýinç berip, manadyň satyn alyş ukybyny ýokarlandyrmagy buýurdy
01.11.2017 | Döwlet Baştutanymyz käbir hökümet agzalaryna käýinç yglan etdi
Döwlet Baştutanymyz käbir hökümet agzalaryna käýinç yglan etdi